Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ynamly gadamlar
27-12-24

Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazar sebitlerinde we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine netijeli täsir edýän möhüm ähmiýetli başlangyçlar, teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Daşary döwletlerde Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň onlarçasy hereket edýär we olaryň sany yzygiderli artýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we bileleşikleriniň Aşgabatda işleýän wekilhanalarynyň sany has-da artdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, geljek ýylda hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem möhüm waka bolup durýar. Gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyjymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr.
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk hukugy türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.
Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi dürli ýollar arkaly pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli, dostana gatnaşyklary berkidýän döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmagyň uly mertebedigini aňladýar. Munuň özi, mähriban Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen öňe sürlen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara ähmiýetli beýik işleriň geriminiň giňelmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösüş derejesini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynda, obalarynda yzygiderli iş saparynda bolup, ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşýar, il-ýurt bähbitli işlere badalga berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri - beýik ösüşleriň, oňyn özgertmeleriň zamany. Şol belent ösüşleriň, özgerişleriň hözirini ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy görüp-duýup ýaşaýar. Abraýy arşa galýan eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine halal zähmetleri bilen goşantlaryny goşýan ildeşlerimiz Watan serpaýynyň eýesi bolýarlar. Bu hakykat ýurdumyzda adamyň çeken halal zähmetine goýulýan sarpanyň belentdigine güwä geçýär. Berkarar döwletimizde amal edilýän işleriň il-günüň bagtly durmuşyna gönükdirilmegi beýik döwrümiziň esasy aýratynlygydyr.
Elbetde, ähli ulgamda gazanylýan şeýle ajaýyp üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady-durmuş taýdan ösdürmekde alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň, takyk seljermelere esaslanýan parasatly syýasatynyň durandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Şeýle hem, bu ajaýyp üstünlikler halkymyzyň ata Watanyň gülläp ösmeginiň, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmegiň hatyrasyna çekýän agzybirlik, yhlasly zähmetiniň miwesidir. Biz bilim işgärleri hem milli Liderimiziň berkarar döwletimiziň ylym-bilimi ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyny ýaşlarymyza wagyz-nesihat etmegi özümize borç hasaplaýarys. Geljekde hem ösüşlere ukyply ýaşlary terbiýeläp, agzybirlikde we jebislikde ata Watanymyzy şan-şöhrata beslemegiň hatyrasyna döredijilikli işläp beýik maksatlara ýeteris.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan eziz Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan şöhratynyň arşa galýan eýýamynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işleri halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Il-ýurt bähbitli beýik işleri dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyza söýgüsiniň beýikdigini äşgär edýär. Ýurdumyzyň bedew batly şol ösüşleri, özgerişleri türkmen halkynyň kalbyny joşa getirýär.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Şeker ANNAGULYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.