Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy
07-04-22
Bahar paslynyň gelmegi bilen Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary mendeni dynç almak hem-de maşgalasy bilen gyzykly wagt geçirmek üçin baryp boljak ýerleriň biri Botanika bagy bolsa gerek.
Botanika bagy – bu botanika atlary bilen ýazylan dürli ösümlikleri ýygnamaga, ösdürip ýetişdirmäge, gorap saklamaga we görkezmäge bagyşlanan bagdyr. Ýagny beýleki ösümlik baglarynyň, dünýäniň käbir ýerlerinden getirilip ýygnalmagydyr. Şeýlede biziň ýurdumyzyň Aşgabat şäherinde dünýäniň dürli künjeklerinden gelip çykýan 500-den gowrak dürli ösümlikler ýygnalyp, botanika bagyny emele getirýär. Botanika bagy, Aşgabadyň gündogar böleginde, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň çäginde, 2029-njy Tähran köçeleriniň arasynda ýerleşýär. Aşgabat botanika bagy 1929-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda esaslandyryldy we Türkmenistandaky iň gadymy botanika bagydyr. Onuň tutýan meýdany18 gektardyr. Botanika Bagy, howa zolaklaryna bölünýär, her bölegi heýkeller we gazebolar bilen bezelendir hem-de botanikada ýyladyşhanalar ýerleşdirilendir. 1892-nji ýylda Aşgabat ýöriteleşdirilen botanika bekedi guruldy.
Soňra bolsa wokzalyň esasynda geljekki bagyň düýbüni tutýan Kuropatkina atly bagçylyk mekdebi döredildi we şeýle-de bu bagyň döredilmegi üçin esas bolup çykyş etdi. Botanika bagynyň statusy 1929-njy ýylda alyndy , emma bu sebitde floristik gözlegler şu seneden hasda öň geçirilipdir.1951-nji ýyldan başlap, Türkmen SSR Ylymlar akademiýasyna girizildi. Aşgabat botanika bagy açylandan soň gül-bezeg we agaç gyrymsy ösümliklerini saýlamak we synagdan geçirmek boýunça işlere başlanypdyr.
Ilkinji geçirilen işler alymlaryň we gözlegçileriň jogapkärçiligi bilen bagyň ýerleşişini ösdürmek, ösümlik ekmek, ilkinji ylmy ýerleri kesgitlemek, ýyladyşhanalary enjamlaşdyrmak bilen baglanyşyklydy. Botanika bagynda dünýädäki ösümlikleriniň belli görnüşlerini görkezýän, giň botanika ýygyndysy bardyr. Bu ýerdäki ösümlikleriň hemmesi sebit boýunça ýörite saýlanyp ekildi. Her ösümlik üçin tohumlar her ýyl ýygnalýar, şondan soň güýzde ekilýär. Bu güýzde ekilen tohumlaryň köpüsi eýýäm ýüz göterim gögeriş berdi.
Aşgabadyn Merkezi Botanika bagy her hili ösümlikleriň biologik aýratynlyklaryny öwrenmek, olaryň halk hojalygy üçin peýdalylaryny saýlap almak we täze görnüşlerini döretmek ugrunda işleýän edaradyr. Bu edarada ýurdumyzyň halk hojalygy üçin ähmiýetli ösümlikleri köpeltmek boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Aşgabadyň Merkezi Botanika bagynda dünýäniň köp ýurtlaryndan getirilen dürli-dürli ösümlikler ilkinji synagdan geçirilip, Watanymyzyň ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylýar we soňra ösdürip ýetişdirmeklik üçin hojalyklara berilýär.
Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy 1930-njy ýylyň dekabr aýynda täze döredilen Türkmenistanyň Botanika institutynyň Botanika bagy diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenistanyň Botanika instituty, 1932-nji ýylda Türkmenistanyň Ösümlikçilik instituty, 1934-nji ýylynyň fewralynda bolsa ýene-de Türkmenistanyň Botanika instituty diýlip atlandyrylypdy. 1936-njy ýylda oňa Türkmen döwlet Botanika bagy diýlip at berilýär.
1937-nji ýylda belli dendrolog K.W.Blinowuskiý tarapyndan Aşgabadyň Merkezi Botanika bagynyň taslamasy täzeden işlenilip düzülipdir. Täze taslama laýyklykda bu bagda Ýewropa, Ortaýer deňzi, Krym, Kawkaz, Kiçi Aziýa, Gündogar Aziýa we Demirgazyk Amerika ýaly geografik meýdançalar döredilipdir. Häzir hem agaçlar şol meýdançalar boýunça ekilýär.
Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy 1941-nji ýylda SSSR YA-nyň Türkmenistan şahamçasy (filialy) açylandan soň, Biologiýa institutynyň döredilmegi üçin esas bolupdyr.
1951-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň döredilmegi bilen Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy özbaşdak ylmy-barlag edarasy bolup Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa bölümine degişli bolupdyr. Şol döwürde Aşgabadyň Merkezi Botanika bagynda esasan üç bölümi bolupdyr. Bu bagyň Dendrologik bölüminde dürli ýurtlardan getirilýän uly agaçlar we gyrymsy agaçlar ilkinji synagdan geçirilýär. Gülçülik bölüminde her hili güller, üçünji bölüminde bolsa ýerli ösümlikler öwrenilýär we ösdürilip ýetişdirilýär. Merkezi Botanika bagy gorag-tokaý zolaklaryny döretmek, şäherleri, obalary gür baglyga öwürmek üçin gerek bolan agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň bir müňe golaý görnüşiniň, birýyllyk we köpýyllyk gülleriň 1600 görnüşiniň, otagda ösdürilýän ösümlikleriň 1200 görnüşiniň ilkinji synagy geçirilipdir we olaryň köpüsiniň önümçilige ornaşdyrylypdyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň synag meýdançasynda Paragwaýyň we Braziliýanyň daglyk sebitlerinde ösýän rebudian stewiýasy ösdürilip ýetişdirilýär.
Tagamy boýunça onuň ýapragy stewiozidi saklaýandygy üçin gantdan 10-15 esse süýjüdir. Onuň düzümine glýukoza, stewiol we beýleki birleşmeler girýär. Stewiozid arassa görnüşde gantdan 300 esse süýjüdir hem-de ol süýjediji hökmünde giňden ulanylýar. Az kaloriýaly, şonuň üçin hem ol sag adamlar üçin gandyň ýerine, aýratyn hem berhizli, semizlikden, ýürek-damar keselinden ejir çekýänler üçin gandyň ýerine ulanylýar. Onuň öz ösýän watanynda ony çaýa ýa-da kofä goşup içýärler. Stewiýa medeni ösümlik hökmünde eýýäm 1500 ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu gymmatly ösümligi Türkmenistanda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilikler ulydyr. Stewiýa Aşgabada Hindistandan 2012-nji ýylda getirildi we häzirki wagtda oňa alymlar Botanika bagynyň ýyladyşhana şertlerinde gözegçilik edýärler.
Hangeldi ÝUSUPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
MUKADDES GYMMATLYK
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ
Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, dünýä dillerini öwrenmeklerine, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işlerini alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär.
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.