ÇAÝYŇ PEÝDASY

10-01-25

Çaý — dünýäde iň halanyp içilýän içgileriň arasynda çaý, megerem iň söýüp içilýän içgidir. Çaýyň rahatlandyryjy we bedeniňi gurplandyryjy täsiri bar. Onuň adam bedeni üçin berýän peýdasy barada–da köp zatlar anyklanyldy. Meselem,ýapon lukmanlary günde 9-10 çemesi käse çaý içmelidigini aýdýarlar. Olaryň geçiren barlaglaryna, günde 10 käse çaý içýän adamlar 3 käse çaý içýänlerden 5-7 ýyl uzak ýaşaýar.

Çaýy demlemezden ozal , çäýnegi gaýnag suwa çaýkamaly. Ony birazrak basyransoň içmelidir. Şeýle bolanda , şemmäniň düzümindäki ýokumly maddalar çaýa ornap , adam bedenine has siňňitli bolýar. Çäýnege atylan şemmäniň üstüne iki gezekden artyk demlenip içmek bolmaýar. Ýapon zenanlary çaýdan galan şemmäni bir gaba ýygnap goýýar. Olar şemmäni bir gaba ýygnap goýýarlar. Olar şemma ýylysuw goýup, süzýärler-de ýüzüni, boýnuny ,elini ýuwýarlar. Çünki şemmeden süzülip alnan suw deriniň ýaşlygyny saklamaga, ýygyrtlaryň ýazylmagyna ýardam berýär.

Gyşda bir käse gyzgynjak çaýyň lezzetem nämä degenok. Ýöne onuň dümewden açylmaga ýardamynyň ulydygyny bellemek gerek. Çopan telpek bilen garylyp demlenen çaýa bir azyrak gara burç, bir çaý çemçesi bal garylyp içmeli. Bu demleme dümewden hemde bokurdak agyrsyndan gutulmaga ýardam berýär. Onsaňam, dümewiň öňüni almak üçin limon, bal bilen gök çaý içmek hem örän peýdalydyr.

Ajy demlenen çaý bitmeýän ýaralary guramagyna hem oňaýly täsir etýär. Bir bölejik hasany ýyly çaýa batyryp, ýaranyň üstünde 3 minut çemesi wagt goýmaly.

Seýitniýaz Mämmedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

1678023285c827.jpeg
ÇAÝYŇ PEÝDASY

Çaý — dünýäde iň halanyp içilýän içgileriň arasynda çaý, megerem iň söýüp içilýän içgidir. Çaýyň rahatlandyryjy we bedeniňi gurplandyryjy täsiri bar. Onuň adam bedeni üçin berýän peýdasy barada–da köp zatlar anyklanyldy. Meselem,ýapon lukmanlary günde 9-10 çemesi käse çaý içmelidigini aýdýarlar. Olaryň geçiren barlaglaryna, günde 10 käse çaý içýän adamlar 3 käse çaý içýänlerden 5-7 ýyl uzak ýaşaýar.


Beloklaryň adam bedenine peýdasy

Beloklaryň ýaşaýşyň özenini düzýän gurujy serişde bolup durýar. Beloklar beden öýjüklerini, dokumalary, beden agzalary gurmaga we alyş-çalyş ýagdaýlary amala aşyrýan fermentleriň,  köp gormonlaryň işläp çykmagyna, gemoglobiniň emele gelmegine gatnaşýan wajyp biologiki serişdelerdir.                                      


Gök önümleriň saglyga peýdasy

Topragymyzda ösýän ösümlikleriň aglabasy dermanlyk häsiýetli bolup, dürli keselleri bejermekde we saglygy berkitmekde halk lukmançylygynda ir döwürlerden bäri ulanylýar. Şulary göz öňünde tutup, iýýän iýmitiňizi ter miweler we gök-bakja önümleri bilen baýlaşdyryň. Gök önümler saglyga kuwwat beriji witaminlere we minerallara baýdyr. Gök önümler saglygymyzyň däri-dermansyz dikelmegine ýardam berýär. 


Çagany nädip we näme bilen iýmitlendirmeli?

Çagalykdan dogry iýmitlenmäge we ýaşaýyş durmuşyna sagdyn garaýyş möhümdir. Emma ýaş çagalary iýmitlendirende köplenç ýalňyşýarlar. Olaryň birnäçesini neşir etmegi makul bildik.


Peýdaly Maslahatlar

Tehnologiýalaryň ösmegi ynsan durmuşynyň has-da ýeňilleşmegine getirendigi hakykatdyr. Şahsy kompýuterler adamzadyň iň gowy peýdaly açyşlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, bu enjamlaryň peýdaly işlerde ulanylmagynyň ähmiýeti örän uludyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.