ÝURDUMYZYŇ YKDYSADYÝETINIŇ YNAMLY ÜSTÜNLIKLERI
12-01-26
Guwandyryjy üstünliklere beslenýän ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen, diňe önümçilige däl, adamlaryň durmuşyna-da maglumat tehnologiýasynyň häzirki zaman görnüşleri ornaşdyrylýar. Ildeşlerimiz ýaşaýyş üçin zerurlyklaryny kompýuterleriň, internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryp bilýärler. Häzirki wagtda söwda işlerini, öý hojalygyna degişli dürli buýurmalary internet arkaly bitirmäge mümkinçilik döredi.
Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça ähli pudaklaryň öňünde belent maksatlaryň goýulmagy biziň ýokarky aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol Konsepsiýa halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, olara innowasion häsiýet bermäge gönükdirilendir.
Öňde goýlan belent maksada ýetmek, döwrebap wezipeleri amal etmek boýunça diwersifikasiýalaşdyrmak we düzüm taýdan üýtgedip gurmak, indus-trial-innowasion taýdan ösdürmek esasynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, senagat we oba hojalyk önümçiligini intensiw ösdürmek, gaýragoýulmasyz durmuş meselelerini çözmek arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan birsydyrgyn ösdürmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuşlaýyn, çeýe hem-de netijeli ulgamyny döretmek, pul-karz, salgyt-býujet we nyrhlar syýasatyny kämilleşdirmek, milli puly pugtalandyrmak, ykdysadyýeti maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak ýaly esasy ugurlar boýunça işler amala aşyrylýar.
Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, häzirki zaman globallaşýan dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolmak bilen, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşlere esaslanýar. Hususan-da, welaýatlarda we etraplarda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy pudaklaryň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Şeýle hem täze usul etraplaryň derejesinde çözgütleri dessine kabul etmäge, döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi kabul edilýän çözgütleriň we resminama dolanyşygynyň wagt ýitirmezden degişli düzümlere ýetirilmegini, wagtyň tygşytlanylmagyny, şol bir wagtyň özünde ýangyç harçlap, ýörite ulaglary ugratmak meselesini aradan aýyrýar. Bu usul ykdysady bähbitler bilen bir hatarda, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna-da gönüden-göni täsirini ýetirýär.
Elektron kommunikasiýasynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri peýda bolar. Edaralar, kärhanalar tarapyndan maglumatlary we habarlary alyşmak üçin elektron poçtasyndan giňden peýdalanylar. Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekde hem elektron resminama dolanyşygyna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn bellemeli. Häzirki döwürde bu ugurdaky hünärmenler netijeli işlemek üçin döredilen mümkinçiliklerden işjeň peýdalanyp, bu ugurda täze tehnologiýalaryň artykmaçlyklaryny doly peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp strategiki wezipeleri bolup, ýurduň önümçiligini ösdürmek, bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge we çykarmaga gönükdirilen täze maglumat tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak hem-de ýurduň senagat, ylmy-tehniki mümkinçiligini ösdürmegiň hem saklamagyň hasabyna milli ykdysadyýetiň howpsuzlygynyň bähbitlerini üpjün etmek durýar. Hut şonuň üçin hem ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribeleri halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak maýa goýumlar bilen baglanyşyklydyr.
Täze tehnologiýalaryň girizilmeginiň we ýaýradylmagynyň çaltlandyrylmagy – ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy netijesinde döreýän global wezipe bolup durýar. Şol wezipelerden ugur alyp hem ýakynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, welaýatda amala aşyrylan tutumly işler belentden wasp etmäge mynasypdyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan häzirki zaman dünýäsinde wagt esasy serişdedir. Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy bolsa diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl-de, olary zerur bolan ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty hem tygşytlamagyň has netijeli guraly bolup durýar, munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bu ulgama yzygiderli birikdirilmeginiň uly ähmiýetini hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmekde möhümdigini bellemek gerek. Bu ulgam giň ugurlary öz gerimine alýar, olar şeýle hem milli ulgamlaýyn giňişligiň, internet hyzmatlary toplumynyň kadalaşdyrylmagyny we giňeldilmegini kanunçylyk taýdan goldamagy işläp taýýarlamagy hem öz içine alýar.
Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, asuda durmuşyny, ýagty hem-de nurana ertirini üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maýa GYLYÇMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.