Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
06-12-25
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.
Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, 86 döwletiň awtordaşlygynda öňe sürlen degişli Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjynyň logiki dowamy hem-de onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň nyşany boldy. Şunlukda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýyl Watanymyzyň şöhratly taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazylar. Şu mynasybetli ýylyň dowamynda dürli çäreleriň, maslahatlaryň, dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olaryň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk döwlet topary döredildi.
Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça jogapkärçilikli we başlangyçly çemeleşmesi Milletler Bileleşiginiň ýokary bahasyna eýe boldy. Şunda ýurdumyzyň BMG-niň düzüm birliklerine, şol sanda onuň iri wekilçilikli düzümi bolan Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy hem bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda-da Türkmenistan 79-njy sessiýanyň işine wise-başlyklyk edýär.
Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, ýüze çykýan düşünişmezlikleri syýasy-diplomatik serişdeler hem-de usullar arkaly çözmek Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň mazmunyny düzýär. Bu ýörelgeler dünýäniň häzirki gurluşynyň möhüm talabyna, onuň yzygiderli, döredijilikli ösüşiniň, asuda geljeginiň üýtgewsiz we esasy şertine öwrülýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyz bu ýyly geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Konsepsiýada bellenilişi ýaly, aslynda, türkmen tarapynyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Hukuk we institusional gurallara esaslanýan bu wezipeleri ulgamlaýyn esasda çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm ähmiýeti we onuň mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň howandarlygynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik mehanizmiň işlenip taýýarlanylmagyna goşant goşmaga gönükdirilendir.
Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň tutýan ornuny bellemek bilen, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemme agza döwletleriň hukuk taýdan ähli ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň Tertipnamasyna we onuň mandatyna ygrarlydyklaryny tassyklajakdyklaryna ynam bildirýär. Konsepsiýada halkara ýagdaýlaryň ýitileşen häzirki şertlerinde güýçli, täsirli, netijeli Birleşen Milletler Guramasyna bolan zerurlygyň has-da artýandygy nygtalýar. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer gün tertibi medeniýetara gatnaşyklaryň, halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak, hoşniýetlilik köprülerini gurmagyň, düşünişmezlikleri, köpçüligiň aňyna ornaşan ters garaýyşlarydyr pikirleri ýeňip geçmegiň wajyp we aýrylmaz bölegine öwrülmäge gönükdirilendir.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Amanmyrat ŞÜKÜROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.