DIL — AKYLYŇ AÇARY
30-12-25
Sanly bilim ulgamy, dünýä dilleriniň giňden öwrenilmegi bu beýik işleriň aýdyň mysallarydyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde biz ýaşlara dünýä dillerini öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki dil kämillikdir, giň dünýägaraýyşdyr. Islendik halkyň dilini öwrenmek bilen bir hatarda, olaryň medeniýetini öwrenmäge hem mümkinçilik almak bolýar. Şonuň üçin hem dil öwrenmegi «dostluk köprüsi» diýip atlandyrýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýaşlara dilleri öwrenmekde, şeýle hem kämil hünärmenler bolup ýetişmegimizde uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşjak biz ýaşlary kämil edip ýetişdirmek bu günki günüň möhüm ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim öwrenmegiň iň täze usullary, netijeli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Esasan hem, dil öwretmekde, dünýä dillerini özleşdirmekde dürli usullar işlenip taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny, ony öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyryp, ýaş nesliň dil biliminiň ösdürilmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň institutymyzda bolup, türkmen talyplaryna dünýä dillerini öwretmeklerini buýsanç bilen agzap bileris. Munuň özi talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenip, özleşdirmeginde, erkin gürläp bilmeginde örän ähmiýetlidir.
Talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çalt öwrenip, söz baýlygyny artdyrmaklary üçin, ilkinji nobatda, olaryň arasynda sözleýiş diliniň köp ulanylmagyna üns berilýär. Geçilýän sapaklarda talyplaryň biri-birleri bilen sorag-jogap alyşmaklary, görkezme esbaplaryndan, wideoýazgylardan peýdalanylmagy, dünýä dillerinde ýazylan kiçi göwrümli eserleriň terjime edilmegi, dürli sahna oýunlarynyň ýerine ýetirilmegi sözleýiş diliniň ösdürilmeginde örän ähmiýetlidir. Bu babatda häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň, döwrebap tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Ýeri gelende aýtsak, daşary ýurt dillerini öwrenýän talyp ýaşlar bilen milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän, dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen ajaýyp kitaplary esasynda çeper okaýyşlary, döredijilik duşuşyklaryny yzygiderli geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap gymmatly gollanma hökmünde her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi. Onda «Dil bilen dünýäni gezer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler» diýen dana pähimler bar. Hakykatdan-da, daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen ýaşlar dünýäni gezmäge, dürli dillerde ýazylan eserleri okamaga mümkinçilik tapýarlar.
Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden, baý ruhy mirasymyzdan söz açýan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde bolsa, dil bilmek düşünjesiniň diňe bir gaýry halklaryň dilini bilmek däl-de, eýsem, sözden many almagy, pikiriň çuňlugyna düşünmegi, söz manysyny tirmegi aňladýandygy barada aýdylýar. Bu düşünjelerden ugur alyp biz talyp ýaşlar, geljekde daşary ýurt dillerini bilýän, ýurdumyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini dünýä ýaýjak hünärmenler bolup ýetişmelidiris.
Biz bilim işgäreri ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmaklary üçin ýurdumyzda döredilýän ähli mümkinçiliklere buýsanýarys Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Rustam BAÝRAMGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti
Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
DÖWREBAP MERKEZ
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.