Üstünlikleriň binýatlyk özeni

08-04-22

Şu ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öz wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşy giň gerimli özgertmeleriň, tutumly maksatnamalaryň, täze arzuw-umytlaryň we täzeçil ýörelgeleriň ýolunda täze badalga boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip bellemek bilen, innowasiýalary, iň täze tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi.

Häzirki wagtda ýurtda ylmy we innowasiýany goldamak boýunça kadalaşdyryjy binýat döredildi. Ýokary tehnologiýalar ulgamy ýokary depginde ösýär. Tebigy, tehniki we jemgyýetçilik ylymlaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň iri halkara guramalary, ylym, tehnikalar we innowasiýalar ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldilýär. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda ylmy-barlag işleri we innowasiýalar bäsdeşlige ukyplylygyň we munuň netijesinde, halklaryň ösmeginiň esasy hereketlendiriji güýçleri bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurdaky başlangyçlar ýurtlaryň milli strategik meýilnamalary üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde öňde goýýan maksatlaryndan ugur alyp, biz — ýaşlar giň gözýetimli, maksada okgunly innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişeris. Bu ösen jemgyýetiň agzalary hökmünde her birimize bildirilýän beýik ynamdyr. Ýurdumyzda ylmyň ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler biz — ýaşlary ylym dünýäsine höweslendirmek bilen beýik maksatlara badalga berýän güýçdür.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan ösüşleriň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler geljekki ösüşleriň berk binýadydyr. Bilim ojaklarynyň täze binalarynyň gurulmagy, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, şeýle-de olarda dünýäniň iň kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin edilýän tagallalaryň netijeleridir.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrundaky aladalary her ädimde duýup ýaşaýarys. Şoňa görä-de, güneşli ülkämizde ylym-bilimi ösdürmäge, ösüp gelýän ýaşlara döwrebap terbiýe bermäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip bellemegi biziň öňümizde täze wezipeleri goýdy. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Orazdurdy MELÄÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

169eefa8756e01.jpeg
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169f2fea920e7f.jpeg
DÖWREBAP MERKEZ

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.


169e8553a1c8a5.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.