EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

26-07-20

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeläp, dünýäde ýüze çykýan islendik ýagdaýlary kadalaşdyrmakda daşary syýasat maksatlaryna ýetmegiň guraly hökmünde syýasy-diplomatik serişdelerini ulanmagy esasy ýörelge edinýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny döwletleriň arasynda özara gatnaşyklarda esasy ölçeg hökmünde berjaý edýär.

Suw hojalygynyň Merkezi Aziýa sebitiniň, aýratyn hem Aral sebitiniň howasynyň üýtgemegine uýgunlaşmagy bu sebitde ýerleşýän her bir ýurtda suw serişdeleriniň dolandyrylmagyna aýratyn üns berilmegini talap edýär. Suwarmagyň, suwy süýjetmegiň, howdanlary gurnamagyň, gidrotehniki desgalaryň durkunyň täzelenmeginiň ösen usullaryny ornaşdyrmak, suwdan rejeli peýdalanmagyň kämilleşen usullaryny ornaşdyrmak suw hojalygy bilen baglydyr.

Türkmenistan agyz suw we hojalyk suw üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen Milli maksatnamalary işläp düzdi. Şonuň çäginde ýurdumyzda suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy we suw üpjünçiligi gowulandyrylýar, täze suw howdanlary gurulýar hem-de bar bolanlarynyň durky täzelenýär, suwaryşyň täzeçe usullary ornaşdyrylýar, suw tygşytlaýjy enjamlar bilen oba hojalyk ekinlerini suwarmaklyk çäreleri geçirilýär, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Maksatnamanyň esasy wezipeleri häzirki zaman bio, nano-maglumat tehnologiýalary öwrenmek we ony önümçilige ornaşdyrmak bilen bir hatarda, Türkmenistanda ekologiýany we biodürliligi goramaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalaryň hem-de ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, ýerli çig mallary, suwy rejeli peýdalanmaga, oba hojalyk, maldarçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen innowasiýa ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Bu maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda halkara hyzmatdaşlygynyň gatnaşmagynda suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak we dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýanyň daşky gurşawy goramak ulgamynda howanyň üýtgemegi babatynda uzak möhletleýin strategiki we anyk çäreleri işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek, Aral deňziniň gurşawynda suw hojalyk, ekologiýa we durmuş ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmakdyr. Tebigy serişdeleriň azalmagynyň hem-de daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň, agyz suwuň ýetmezçiligi, bioköpdürliligiň ýitmegi, çölleşme, gurakçylyk, ýerleriň ýaramazlaşmagy ekologiýa babatda adamzadyň öňünde köp sanly wezipeleriň bardygyny görkezýär.

Ýurdumyzda suw meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. Muňa mysal edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde, Rio+20 Bütindünýä sammitinde, VII Bütindünýä suw forumynda, 2018-nji ýylda Duşenbe şäherinde geçirilen «Durnukly ösüş üçin suw» atly ýokary derejeli halkara maslahatlarda hormatly döwlet Baştutanymyz tarapyndan edilen taryhy çykyşlary görkezmek bolar. Türkmenistan döwletimiziň suw serişdelerini tygşytly peýdalanýanlygy, gorap saklaýanlygyny hem-de ekologiýa ýaly özara baglanyşykly ulgamlarda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlyga uly goşant goşýandygyny bellemek gerek.

Ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň, öňe sürýän anyk başlangyçlarynyň BMG-niň maksatlary we wezipeleri, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy nygtalmalydyr. Şeýle işlere badalga beren hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Halkymyzy baky bagta ýetirip, bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Batyr OSMANOW,
Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.


15f1d6af2a47ba.jpeg
ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞINI ÜPJÜN EDÝÄN ARAGATNAŞYK ULGAMY

Halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän we ýokary hilli maglumat gatnaşyklaryny üpjün edýän aragatnaşygyň kämil telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň pugtalanmagyny şertlendirýär.


15f1d699d0c16f.jpeg
«LEBAPAWTOULAG» — GÜNDOGAR SEBITIŇ AWTOULAG KUWWATY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap ulaglar düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.


15f1d671744d9d.jpeg
ARKADAGYŇ ULag DIPLOMATIÝASY: dünýä bähbidine hyzmat edýär

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasy BMG tarapyndan giň goldawa eýe bolup, durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek babatda öňe sürýän öňdengörüjilikli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýär.


15f1d6558ed4a6.jpeg
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeläp, daşary syýasat maksatlaryna ýetmegiň guraly hökmünde syýasy-diplomatik serişdelerini ulanmagy esasy ýörelge edinýär.


15f1d6428b7be1.jpeg
berkarar TÜRKMENISTANYň DOSTLUK ÝOLLARY UZAÝAR

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça belent başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän taslamalar ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge itergi berýär.

PREZ_00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.