MAŞGALA OJAGY – EDEP-TERBIÝÄNIŇ MILLI MEKDEBI

26-10-25

Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip has-da kämilleşipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan belent söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň, jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde: “Huda berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni” diýýär. Dogrudan hem, perzendiň wepalylygy maşgala ojagyndan başlanýar.

Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleri öwredipdirler. Çagajyk heniz nämäniň nämedigini bilmeýän wagtlary ejesiniň ak arzuwlara eýlenen hüwdüsiniň owazy bilen ulaldylýar. Ol perzendiniň lebzi halal, tutanýerli, myhmansöýer bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga esasan hem, ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Onuň edep-terbiýesiniň düýp binýady hem terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan hem-de kemala gelýän maşgaladan gözbaş alýar. Şunda ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin durmuş mekdebi bolup durýar.

Edep-terbiýe adamkärçiligiň gözbaşy hasaplanýar. Çaga ýaşlykdan näme terbiýe berilse, ulalandan soňra hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň şuglasydyr. Çagalara zerur bolan zähmet endiklerini ýaşlykdan başlap ýola goýmaly hem-de yzygiderli kämilleşdirmeli. Türkmen maşgalasynda dünýä inip kemala gelýän çaga maşgalada berilýän edep-terbiýä düşünýär. Maşgalada berilýän terbiýäniň many-mazmuny giň hem köp taraplaýyndyr.

Perzendini akylly-başly, edep-tebiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Oňa özüňi alyp barmagyň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga adamlaryň özlerini alyp barşyny synlaýar. Olara meňzemäge çalyşýar. Maşgalada amala aşyrylýan ahlak terbiýesiniň öz içine alýan meseleleri köp taraplydyr. Çagany watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, edepli, düzgün-nyzamly, dogruçyl, ak ýürekli edip ýetişdirmek maşgaladan başlanýar. Türkmen maşgalasyna agzybirlik, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr.

Halkymyzyň ahlak babatda durmuşymyza giňden ornan ýazylmadyk kada-kanunlary bar. Şolaryň biri hem çaga terbiýesi bilen baglydyr. Halkymyzyň asylly däbi bar. Olar: maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty we ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Haýsy işiň başyna bar, islendik käri saýla, tapawudy ýok, maslahatly işleriň netijesi elmydama her kim üçin peýdaly we üstünlikli bolýar. Ata-babalarymyz: “Pespäl boluň, mylaýymlaşarsyňyz, sahy boluň, alkyş-abraý alarsyňyz, işe yhlasly ýapyşyň, rysgala ýetersiňiz” diýipdir. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksada okgunly we adamkärçilik tarapyndan belent häsiýetli bolýar. Durmuşda ejesinden mähir, atasyndan dogum alan her bir türkmen ony öz dowamatyna geçiripdir.

Umuman, durmuş tejribesiniň aýratynlyklaryny içgin yzarlap, halkymyzyň öz yzlarynyň mynasyp dowam etdirilmegine berýän ähmiýetiniň örän çuňňur many-mazmuna eýedigine aýdyň göz ýetirýäris. Döwrüň ösen derejesi biziň her birimizden ähli tarapdan kämilleşmegi talap edýär. Halkymyzyň göwher hazynasy bolan pähim-parasaty, ruhubelentligi, sabyrlylygy, belent ahlak häsiýetleri, kanagatlylygy kalplara nur çaýýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň eşretli günlerinde milli gymmatlyklarymyzy, döwletlilik ýol-ýörelgelerimizi dabaralandyrýan, olary ýaş nesillere ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredýän, ýaşlara nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýsoltan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.