ARKADAGLY ÝURDUŇ GELJEGI ÝAŞLAR
10-05-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak babatynda utgaşykly işler ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, häzir ýaşlar döwlet, häkimiýet, dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli zähmet çekýärler.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň emele gelmegine, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge uly itergi berdi.
Ýaşlara ýol-ugur görkezmekde mugallymlaryň paýyna uly jogapkärçilik düşýär. Her bir mugallym şol jogapkärçiligi duýup, talyplaryň kabul edişine görä bilim bermeli bolýar. Diňläp oturan talyp üçin mugallymyň aýdýan her bir sözi gymmatlydyr. Şol nukdaýnazardan seredenimizde hem ýaşlaryň aň taýdan kämil, hünär taýdan başarnykly bolmagy üçin mugallymlaryň täsiri uludyr.
Islendik hünär boýunça bilim alýan ýaşlar öwrenýän bilimlerini tejribelikde ulanyp görmek üçin hem ukyply bolmalydyr. Ýaşlar ýokary we hünär okuw mekdeplerinde diňe belli bir ugra gönükdirilen sowadyny artdyrmagy göz öňünde tutman, mugallymlaryň we tälimçileriň durmuş hem-de iş tejribeliklerini hem öwrenmelidirler.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, işlemegi üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan, sanly ulgamdan oňat baş alyp çykmaklary döwrüň talabydyr. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýaşlara bil baglaýar, uly ynam bildirýär, çünki kalby ata Watanymyza söýgüden doly ýaşlar geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmelidir. Ajaýyp döwrümizde ýaşlar şeýle bagty duýup ýaşaýarlar. Bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyz öz öňlerinde belent maksat goýup, ynamly öňe barýarlar.
Döwletimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bagtly geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem, Garaşsyz Watanymyzda ýaş neslimiziň bagtyýar durmuşy we gelejegi barada çuňňur aladalanýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Guwanç SAPAROW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.