Ösüşiň täze belentlikleri
16-11-23

Häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlarynda geçirilýän düýpli özgerişlikler ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar we ýokary hünärli kämil hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Ýurduň ykdysadyýetini we ýaşaýyş-durmuş ulgamyny öz ugrundan ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen ylym-bilim edaralarynyň işgärleriniň ylmy we mugallymçylyk hünäriniň derejesi has-da ýokarlandyrylýar.
Ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarda önümçilikden aýrylmak we aýrylmazlyk şerti bilen aspiranturalar, doktoranturalar we kliniki ordinaturalar açyldy. Häzirki wagtda ýurduň ylmy-tehniki kuwwatlylygyny artdyrmakda ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň, şeýle hem ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriniň işleri döwrebaplaşdyryldy. Döwletiň ylmy-tehniki syýasatyny netijeli amala aşyrmak, täze tehnologiýalary döretmek üçin ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýatlary berkidildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ylym-bilim edaralary döwrüň iň soňky gazananlary bilen kämil bilim bermegiň döwrebap ugurlaryna, internet ulgamyna eýe boldular. Ylmyň dürli ugurlary boýunça toplanan maglumatlar gory, çap edilen makalalar, okuw kitaplary we ylmy işler baradaky maglumatlar ylmy we merkezi kitaphanalaryň üsti bilen okyjylar köpçüligine elýeterli edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy edaralarda, ylmy-barlag institutlarynda bilim ulgamynyň netijeliligini artdyrmakda mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyna degişli maglumatlary sanly ulgamyň kömegi bilen öwrenmäge şertleriň döredilmegi bolsa, diňe bir dünýä ylmynyň gazananlaryny peýdalanmak we zerur bolan maglumatlary toplamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzdaky bolup geçýän täzelikleri, ylmy ösüşleri dünýä ýaýmaga-da itergi berýär.
Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi hereket edip, ol ýerdäki binalar, ylmy-barlag edaralarynyň jaýlary döwrebap tehnologiýalar, barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň ýokary netijeli bolmagyna, häzirki zaman ylmynyň ösen talaplaryny doly kanagatlandyrmaga zerur şertleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwletli özgertmeleri esasynda Watanymyzda ylym-bilim ulgamlarynda täze özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmak, onuň netijesinde ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan belent sepgitlere ýetirmek, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginde pudaklaryň, kärhanalaryň, oba hojalyk, saglygy goraýyş, ylym, bilim, nebitgaz, energetika we durmuşyň beýleki ugurlaryny belent derejelere çykarmak baş maksat edilip goýuldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly ösüşler gazanylýar, şeýle hem eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamlaryny döwrebap ösdürmek, ony dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň tejribeleri öwrenilip, ýurdumyzyň tebigy şertleri we ýerli aýratynlyklary, milli özboluşlylygymyz nazara alnyp, ylmyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.Munuň özi ylym ulgamynda täze ylmy-barlaglaryň amala aşyrylmagyna we ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly itergi berýär. Biz hem Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan döwletli işleriniň mydama rowaç almagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
Bagtyýar GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.