Ylym — ösüşleriň binýady

21-12-23

Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň geljegi nazarlaýan özgertmeler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi wajyp orny eýeleýär. Şonuň netijesinde dürli pudaklarda ulanylýan tehnikalar we tehnologiýalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar ýurdumyzyň önümçiligine güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Ylym bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli alnyp barylmagy, ylmy edaralarda we ýokary okuw mekdeplerinde alymlar geňeşleriniň işlemegi ösüşler zamanasynda uly ähmiýete eýe bolýar. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerde, ylmy-barlag edaralarynda aspiranturalara, doktoranturalara, ordinaturalara her ýyl dalaşgärleriň onlarçasynyň kabul edilmegi beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzyň ylym babatdaky geljegini görkezýär. Döwrebap bilim-terbiýe gurşawynyň döredilmegi netijesinde, ýaş alymlar häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýarlar. Olar döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Netijede, Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň sany artýar.

Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.

Watanymyzyň islendik pudagynda ýokary netijeleri gazanmak, esasan, bilim ulgamynyň mundan beýläk hem ösüşine, ýurduň intellektual kuwwatynyň artmagyna bagly bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ähli pudaklara batly depginler bilen ornaşdyrylýan sanly ulgam bilim beriş edaralary üçin häsiýetli aýratynlyga eýedir. Sanly ulgam ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, innowasion tehnologiýalaryň dürli ugurlaryndan baş çykarýan kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň innowasion kuwwatyny artdyrmakda möhümdir.

Goý, ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Işan IŞANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň "Inžener ulgamlary we torlary" fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.