Ýodlandyrylan çörek we çörek önümleriniň ähmiýeti

14-04-22

Ýod ýetmezçiligi keseli lukmançylyk we jemgyýetçilik meselesi bolup durýar. Olar esasan çagalar we ýetginjekler üçin howply, sebäbi akyl taýdan yza galmagyna we fiziki ösüşiniň haýal bolmagyna sebäp bolup biler. Ýod-adam bedeniniň köp ýerine ýetirýän işlerine, şol sanda ösmegine we işjeňliginiň berkemekligine bagly möhüm mikroelementdir.

Bedendäki ýoduň saklanylyşyny dikeltmegiň we yzygiderli saklamagyň ýeketäk usuly- gerekli mukdarda gündelik ýod kabul edilmegi bolup durýar. Ýoduň esasy çeşmesi iýmitdir. Häzirki wagta çenli ýod ýetmezçiligini doldurmagyň ýeketäk çeşmesi ýodlandyrylan duzdy. Şeýle-de bolsa, ýodlandyrylan duzuň birnäçe ýetmezçilikleri bar: saklanyş möhleti 3-6 aý (ýod duzda durnuksyz himiki birleşme görnüşinde bolýar we wagtyň geçmegi bilen ýitýär, kesgitlenen wagtdan soň ýodlandyrylan duz adaty duza öwrülýär); gyzgynlyk bilen işlenende ýagny önümi taýýarlananda 60 %-i ýitýär; artykmaç duz bedene zyýanly we käbir kesellerde duz düýbünden ýaramaz täsir edýär.

Çörek - gündelik ulanylýan iýmit önümleriniň biri. Şonuň üçin çöregiň düzümine peýdaly goşundylary goşulmagy adamyň saglygyna gowy täsir edýär. Adam ortaça bir günde 200-250 gr çörek iýýär. Önümiň 100 gramynda 46 mkg ýod saklaýan bugdaý unundan taýýarlanan çöregiň dürli görnüşleri işläp taýýarlandy.

Ýodlandyrylan çörek önümleri galkan şekilli mäziň keselini, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini bejermekde we öňüni almakda, şeýle hem ýod ýetmezçiligi bolan ýerlerde ýaşaýan adamlar üçin maslahat berilýär.

Ýoduň köp mukdary deňiz otlarynyň tozyny goşmak arkaly alynýar. Ýodlandyrylan çörek önümleri taýýarlamak üçin (düzümnama boýunça 100 gr un üçin 1,5% duz) adaty nahar duzunyň ýerine ýodlandyrylan duz goşulýar. Bu uly ýaşly adamlar üçin gündelik kabul edilmeli mikroelementleriň 35%-i kanagatlandyrýar ýagny 150 gr çörekde 53 mkg ýod saklanýar. Eger-de uly ýaşly adamlar gündelik şeýle çöregi iýseler, onda ol gündelik ýoduň gerekli mukdaryny kabul edip biler.

Çörek önümleriniň hil görkezijilerine täsiri barada aýdylanda, kaliý ýodynyň gerekli mukdary goşulan çöregiň tagamyny üýtgetmeýär, onuň organoleptiki görkezijilerini gowulandyrýar. Ýodlandyrylan çörek önümleri önümdürmek üçin önümçiligi üýtgedip gurmak we artykmaç çykdajy gerek bolmaýar. 

Serdar ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Begli AMANDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.