Sanly bilim — döwrüň talaby

06-11-24

Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiň binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem bu ulgamyň kämilleşdirilmegine we döwrebap talaplara laýyk getirilmegine uly ünsüň gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu ugra sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar. Biz innowasiýalary, iň täze tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýäris» diýip belledi. Ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi umumy orta bilim berýän ulgamyň ösdürilmeginde has-da täsirli güýje eýe boldy. Täze gurlan we gurulýan mekdepleriň multimediýa bilen üpjün edilmegi bilim ulgamyna sanly bilimiň has giňden ornaşýandygyny görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam zähmetiniň häsiýeti we tehnologik mazmuny döredijilik, ukyp-başarnyk, edep-ekram ýaly düzüm birlikleriniň umumylaşmagynyň hasabyna baýlaşýar. Akyl zähmeti bilen fiziki zähmetiň arabaglanyşygy pugtalanýar. Elektron-kompýuter tehnologiýalarynyň döwrebap görnüşleriniň önümçilige çekilmegi işgärleriň umumy we ýörite biliminiň, medeniýetiniň ösmegi bilen utgaşýar. Önümçiligi guramagyň, dolandyrmagyň elektron-kompýuter meýilnamalaşmagy we maglumatlaşmagy, sanly ykdysadyýete geçilmegi önümçiligiň ähli düzüm birlikleriniň tehniki we tehnologiýa esasyny özgerdýär. Şonuň üçin bilim edaralarynda okuwlaryň sanly bilim esasynda guralmagy bilimiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny, ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň kämilligine oňyn täsir edýär.

Biz maglumatlaryň durmuşymyza barha giňden ornaşýan, sanly ösüşleriň yzygiderli üýtgäp duran jemgyýetinde ýaşaýarys. Smartfon durmuşymyzdaky hemişelik hemramyza öwrüldi, uzakdan buýruk bermek esasynda dürli enjamlary herekete getirýäris. Şeýlelikde, sanly özgertmeler — bu diňe bir tehnologiýa däl-de, ilki bilen durmuşy ýagdaýa öwrülýär we mekdep bilimi ulgamynda hem giňden öwrenilmegini talap edýär. Şonuň üçin-de, sanly bilimiň mekdebe täsiri barada aýdylanda, gürrüňiň diňe bir mekdep tagtasynyň interaktiw tagtalaryna, okuw kitaplarynyň noutbuklara ýa-da mekdep üçin «bulut ulgamlaryna» we okatmagyň dolandyryş ulgamlaryna çalşyrylmagy hakynda däldigini unutmaly däldiris.

Häzirki sanly bilimiň kämilleşýän döwründe ýaşlary bu ugra has işjeň çekmek maksady bilen, dürli ugurlar boýunça maglumatlary toplamak, bellibir ugry çuňlaşdyryp öwretmek üçin olaryň degişli çykyşlary taýýarlamaklaryny gurnamak, sowal-jogap alyşmak, bäsleşikleri yglan etmek ýaly çäreleri geçirmek, sanly aragatnaşyk arkaly beýleki mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda dürli bäsleşikleri guramak, sanly aragatnaşykda duşuşyklary geçirmek, ussat mugallymlaryň okuw sagatlaryny gurnamak ýaly çäreler netijeli häsiýete eýedir. Sanly aragatnaşygyň üsti bilen, bu hyzmatdaşlygy has ýygy-ýygydan we maksatlaýyn ugurlar boýunça geçirmek maksada laýykdyr.

Ýurdumyzyň bilim işgärleri ýaş nesilleriň kalbyna ösüşlerden-ösüşlere barýan eziz Watanymyzyň ylymly-bilimli, mynasyp eýeleri bolmalydyklary baradaky beýik ynamy guýmaga borçludyrlar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýän, ýaş nesliň ähli taraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Baýram BAÝRAMOW,
Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.