Ylym — ösüşleriň binýady
20-11-23

Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň geljegi nazarlaýan özgertmeler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi wajyp orny eýeleýär. Şonuň netijesinde dürli pudaklarda ulanylýan tehnikalar we tehnologiýalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar ýurdumyzyň önümçiligine güýçli depginde ornaşdyrylýar.
Ylym bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli alnyp barylmagy, ylmy edaralarda we ýokary okuw mekdeplerinde alymlar geňeşleriniň işlemegi ösüşler zamanasynda uly ähmiýete eýe bolýar. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerde, ylmy-barlag edaralarynda aspiranturalara, doktoranturalara, ordinaturalara her ýyl dalaşgärleriň onlarçasynyň kabul edilmegi beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzyň ylym babatdaky geljegini görkezýär. Döwrebap bilim-terbiýe gurşawynyň döredilmegi netijesinde, ýaş alymlar häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýarlar. Olar döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Netijede, Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň sany artýar.
Ylmyň we tehnikanyň ösen şertlerinde dünýäniň uly ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary yzygiderli tejribe alyşýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda ylmy-barlag işleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk guramakda uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň paýtagty halkara ylmy seminarlaryň, konferensiýalaryň, maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Daşary ýurtly hünärmenler Türkmenistanda bilim bermegiň öňdebaryjy usullarynyň durmuşa ornaşdyrylyşy, mugallymçylyk iş tejribeleri bilen içgin gyzyklanýarlar.
Ýaşlara ýol-ugur görkezmekde mugallymlaryň paýyna uly jogapkärçilik düşýär. Her bir mugallym şol jogapkärçiligi duýup, talyplaryň kabul edişine görä bilim bermeli bolýar. Diňläp oturan talyp üçin mugallymyň aýdýan her bir sözi gymmatlydyr. Bilim-ylym öwrenýän ýaşlarymyz bitewi bir jemgyýeti döredýär. Şol nukdaýnazardan seredenimizde hem ýaşlaryň aň taýdan kämil, hünär taýdan başarnykly bolmagy üçin mugallymlaryň täsiri uludyr. Islendik hünär boýunça bilim alýan ýaşlar öwrenýän bilimlerini tejribelikde ulanyp görmek üçin hem ukyply bolmalydyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, olara dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň elýeter bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Ýaş nesliň kemala gelmeginde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekmegimiz, Watanymyzyň aýdyň geljegi ugrunda goşýan goşandymyzdyr.
Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Aýmyrat DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.