TEBIGATYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY
24-10-25
Türkmen halkynda toprak ýedi hazynanyň başy hasap edilýär. Çünki toprak ynsany diňe bir iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň saglygyny hem goraýar. Toprakda ýetişýän islendik nygmatyň düzümi ony iýýän ynsanyň saglygy bilen aýrylmaz baglydyr. Her miwäni sapagyndan ýolanyňda bimaksat ýolman, ony öz saglygyňa görä ulansaň, seniň ene topragyň hözirinden ýerlikli peýdalanandygyňdyr. Ynsanyň dünýä gelmegi bilen, öz ynsanlyk borjuny ödemäge çalşyşy ýaly, topragyň wezipesi hem adama hyzmat etmekdir. Haçan-da ynsan bilen toprak dil tapyşanda, ajaýyp bir sazlaşyk emele gelýär. Bu sazlaşyk, gönüden-göni ynsan başynyň täji bolan saglyk bilen berk baglanyşyklydyr.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi, ýurduň topragynyň ýerasty we ýerüsti hazynalara baýlygy, suwunyň hem howasynyň jana ýaramlylygy, dagy-düzüniň, sähra-çölüniň, deňiz-derýasynyň ýerbe-ýerligi buýsanjyňy goşalandyrýar. Ene topragyň tebigat bilen sazlaşykda ynsana eçilýän baýlyklary hakynda bolsa örän köp zatlary beýan etmek bolýar. Adama öz dogup-dörän topragyndan gowy bejerginiň ýoklugy diýseň jaýdar hakykat.
Türkmen sährasynyň dürli pasyllaryndaky tebigy hadysalary, al-elwan güllere bürenýän giň meýdanlary, olardan daş-töwerege ýaýraýan hoşboý yslary aklyňy haýrana galdyrýar, gözüňi dokundyrýar. Dag ulgamlaryndaky gözellikler, başyny bulutlara bürenip oturan beýik dag gerişleri, kert gaýalar, ajaýyp dereler, tektoniki hadysalaryň netijesinde böwsülip bölünen daglaryň arasyndan aýlawly ýollary ýasan dury we süýji suwly çeşmeleri göreni haýrana galdyrýar. Bu ýerde ösýän ösümlikler we haýwanat dünýäsi ýurdumyzyň biodürlüligini emele getirýär. Gadymy rowaýatlarda Watandan aýra düşen batyl gahrymanyň öz ilinden getirilen topragy gözlerine sürtende dünýäni görmek bagtyna eýe bolşuny okanyňda, munuň aňyrsynda batylyň batyllykdan halas bolşundan ötri, başga, has uly bir manynyň bardygyny kalbyň bilen duýýarsyň.
Ene toprak, onuň ynsan saglygyna ýetirýän peýdaly täsirinden gürrüň edilse, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri giňişleýin beýan edýän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan buýsanç bilen söz açýarsyň. Gahryman Arkadagymyz: “Bu kitap meniň mukaddes ene süýdi bilen aňyma ornaşan ene topragymyza we mähriban halkyma hem-de ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna bolan çuňňur söýginiň netijesinde döredi” diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyz ynsanyň tebigata bolan söýgüsiniň watansöýüjilik bilen berk baglanyşykly bolmalydygyny ündeýär. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgelere laýyklykda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ildeşlerimiziň asylly maksadyna öwrüldi. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigatyň ösümlik dünýäsinden netijeli peýdalanmak we sagdynlygy saklamak esasy ugurlaryň biridir. Şunda ösümlik dünýäsi bilen birlikde howanyň arassalygy, bag-bakjalar aýratyn ähmiýete eýedir.
Häzirki ajaýyp döwrümizde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyz bagy-bossanlygy bilen tapawutlanýar, gözel keşbi bilen haýrana goýýar. Umuman, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak arassa howa, bagy-bossanlyk hem-de ösümlik dünýäsiniň baýlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Görşümiz ýaly, bereketli türkmen topragy biziň iň ýakyn hemaýatkärimiz, rysgalymyzyň gözbaşy, saglygymyzyň goragçysy. Goý, ene topragymyzyň gymmatly baýlygy bolan dermanlyk ösümliklerimizi wagyz etmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edip, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary aman, beýik işleri dowamata dowam bolsun!
Aýnur BAÝRAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýa kafedrasynyň assistenti.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.