Baky berkararlygymyzyň binýady
14-05-24

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Döwleti dolandyrmagyň häzirki zaman kadalary hem ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýar.
Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň hukuk namalarynyň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalaryň kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýär hem-de döwletimiziň umumadamzat gymmatlyklaryna ýokary baha berýändigini beýan edýär. Esasy Kanunymyz jemgyýetde asudalygy, agzybirligi berkarar etmek bilen bir hatarda, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny düzýär.
Ýurduň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösüşini üpjün etmekde adam hukuklaryna esasy orun degişlidir. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, ösüşiň we azatlygyň ýoly bilen jemgyýetiň öňe gitmegi adam hukuklarynyň giňelmeginden we olaryň mazmunynyň baýlaşmagyndan üzňe däldir. Jemgyýetiň ösüşiniň her täze basgançagy adam hukuklarynyň berjaý edilmegi hem-de giňelmegi bilen bagly bolup durýar. Adam hukuklary we azatlyklary — bu döwletliligiň hiline, onuň demokratiýalylyk derejesine baha bermegiň, hukuk başlangyçlaryna, ahlaklylygyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň baş çelgisidir.
Esasy Kanunymyz döwletimizde adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligini üpjün edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzyň döwrebaplygynyň, kämilliginiň nyşany bolan Konstitusiýamyzyň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň adalatly döwlet syýasaty adam mertebesiniň ýokarlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň ýokary derejede saklanylmagyna, erkin we adalatly jemgyýetiň gurulmagyna gönükdirilendir.
Mansur KAMALOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.