ADAMZAT KALBYNYŇ ŞAHYRY
16-10-25
Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik akyldary, sarsmaz sütüni, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly, agzybirlige mertlige dogruçyllyga, il-gününe, Watanyna wepaly bolmaga çagyrýan ajaýyp şygyrlary asyrlar geçse-de öz gymmatyny ýitirmeýär, gaýtam ol has-da belende galýar. Geçen ýyl ýurdumyzda akyldar şahyrymyz, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilmegi milli şahyrymyzyň halkara derejesinde ykrar edilen edebi mirasyna goýulýan uly sarpadan nyşandyr.
Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyrydyr. Ol biziň kalbymyzdaky pikirimizi bilen ýaly hakykaty ýazypdyr. Akyldar şahyryň parastly sözleri biziň ýüregimiziň törinden orun alyp ýaşaýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hakynda rus alymy Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň sözleri bilen aýtsak “Magtymguly türkmeniň poeziýasynyň gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanymyzda täze ýüzügiň gaşynda göziňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar”. Magtymguly Pyragynyň çuňňur mana ýugrulan şygyrlary ölmez-ýitmezdir. Magtymguly ähli döwürleriň, ähli ynsanlaryň şahyrydyr. Çünki şahyryň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlary barada söz açýar. Halkymyzyň arasynda “Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok” diýilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.
Türkmen halky akyldar şahyrymyza uly hormat goýýar. Muny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyndaky Welmyrat aganyň obrazynda hem göz ýetirmek bolýar. Ol Magtymgulynyň goşgylaryny diňläp, gijesi bilen ol goşgular barada oýlanyp, oňa nähili täsir edendigini şeýle beýan edýär: “Kitap, onuň içindäki sözleriň meniň ýüregimiň üstünden turşy meni haýran etdi” Bu nähili bolup bilýär? Ol ýüzüňe seredýär-de hemme zatlary, öz durmuşyndan, gündelik eşidip ýören zatlaryňdan, ýöne welin dilde diýip bolmajak, aýtmagy hyýalyňda getirmedik zatlaryňy diýişdirip bilýär”. Hekaýada guba düýe berip, akyldar şahyryň kitabyny satyn almagy hem bu gymmatly, dürdäne sözleriniň onuň ýüreginiň törinde orun alanlygy üçindir.
Akyldar şahyr öziniň dürdäne şygyrlary bilen ynsanlary dogry sözli bolmaga, birek-birege hormat goýup, adamkärçilikli adam bolup ýaşamaga çagyrýar. Şahyr ikiýüzli adamlary ýigrenipdir, päk ýürekli, süýji dilli, arassa ahlakly mylakatly bolmaklygy nesihat edipdir. Beýik akyldar birek-birege ýagşylyk etmeklerini ulyny sylamagy, kiçini söýmegi, il-halkyna, Watanyňa wepaly bolup ýaşamagy öwüt ündew edipdir. Biz hem ýokary okuw mekdebimizde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şahyryň sarpasyny belent tutup, dürli çäreleri yzygiderli guraýarys. Olaryň hatarynda “Magtymguly Pyragy - akyldar şahyr”, “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” diýen temalarda edebi agşamlary, döredijilik hem-de surat bäsleşiklerini aýtmak bolar. Bu geçiren çärelerimiz arkaly ata Watana, il-halkyna söýgi, edeplilik, özüňden ula hormat, kiçini sylamak, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ynsanyň gowy gylyk-häsiýetlerini ýaşlara düşündirýäris, berkarar döwletimize guwanç we buýsanç duýgularyny terbiýeleýäris.
Halk öz şahyryna ähli döwürlerde hem aýratyn hormat goýupdyr. Onuň eserleri ençeme gezek neşir edildi, ençeme ylmy işler, monografiýalar ýazyldy. Akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny daşary ýurt alymlary-da öwrenýärler hem-de eserleri daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine guwanmak, oňa goşant goşmak biz üçin uly bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Güýçmyrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.