Ylymly ýaşlar – kämilligiň ýolunda

17-11-23

Her bir millete mahsus bolşy ýaly, türkmen halkynyň-da mukaddes hasaplaýan ýörelgeleri bar. Köpri gurmak, guýy gazmak, ýap çekmek, oglan okatmak, ylym öwrenmek ýaly ýörelgeler gadymy döwürlerden bäri mukaddes hasaplanýar. Ylym öwrenmek ähli döwürlerde-de ähmiýetini ýitirmändir. Häzirki döwürde ylym has ýokary derejelere ýetdi. Ylmy çeşmelerde ylym adalgasyna şeýle düşündiriş berilýär: Ylym — munuň özi tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşindäki kanunalaýyklyklar hakyndaky bilimler ulgamy we daşky dünýä täsir ediş ýollary, şeýle hem bilimleriň aýry-aýry pudaklarydyr. Umuman, ylym hakynda gürrüň edilende, ylmy-jemgyýetçilik, ylmy mekdep, ylmy iş, ylmy usul, ylmy-barlag, ylmy garaýyş ýaly sözleriň ylym düşünjesi bilen baglanyşygynyň barlygyny we onuň aýrylmaz bölegidigini bellemek gerek.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmekleri hemde ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmekde, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeler gazanylýar. Çünki bu ugurda hormatly Prezidentimiz uly işleri amala aşyrýar. Hususanda, ýaşlaryň ylmy işlere imrinmegi, şeýlede alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi ugrunda döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän oňyn şertler öz datly miwesini-de berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek beýik geljegimizi nazarlaýan döwlet ähmiýetli wezipe bolup durýar.Belentden belent sepgitleri nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmegiň aýratyn möhümdigi bellenilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlara uly ynam bildirilýär. Şu nukdaýnazardan, ýaş hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek, olara kämil bilim, ylym, edep-terbiýe bermek bilim işgärleriniň öňünde durýan baş wezipedir. Döwletimizde ylym ulgamynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurduň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudak guramalarynda ylym hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.

Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin bilimli-ylymly, ýokary hünärli ýaşlarymyzyň sazlaşykly terbiýe almagy, kämil bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilen. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik 6 ugur — nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary boýunça geçirilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz ýaşlar nanotehnologiýalar, ylmy barlaglar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýalar, häzirki zaman saglygy goraýyş we derman senagaty, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer we beýleki ugurlarda netijeli işleýärler. Döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Arkadagly Serdarymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan her bir işiniň özeninde Watanyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky alada bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merjen HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.