HALKARA MASLAHATA BARÝARYS

02-08-25

Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara jemgyýetçiligiň ünsüni barha özüne çekýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna hem-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýene-de sanlyja günden bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Onuň çäklerinde birnäçe ugurlar boýunça çäreleri geçirmek hem meýilleşdirilip, munuň özi maslahata gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy bähbitli çözgütleri işläp taýýarlamakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Ge­çi­ril­jek çä­re­ler top­lu­my je­mi 7 sa­ny esa­sy ugur­dan yba­rat bo­lup, olar hal­ka­ra mas­la­ha­tyň açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­ny hem-de ple­nar mej­lis­le­ri­ni, ikin­ji­si – ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki te­ma­tik «te­ge­lek stol­la­ry» (5 sa­ny), üçün­ji­si – ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki 7 sa­ny fo­ru­my, ýag­ny Gü­nor­ta-Gü­nor­ta hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça mi­nistr­ler du­şu­şy­gy­ny, Par­la­ment fo­ru­my­ny, Hu­su­sy pu­da­gyň fo­ru­my­ny, Ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň fo­ru­my­ny, Ýaş­lar fo­ru­my­ny, Ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň du­şu­şy­gy­ny, Ara­bag­la­ny­şyk bo­ýun­ça çä­rä­ni öz içi­ne al­ýar. Dör­dün­ji­si – mas­la­ha­ta gat­naş­ýan döw­let­ler hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän, şeý­le hem türk­men ta­ra­py­nyň gu­ra­ýan ugur­daş çä­re­le­ri­niň 60-a go­la­ýy­ny düz­ýär. Şon­da bi­ziň ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan gu­ral­jak çä­re­ler şu­lar­dan yba­rat: Ýe­rüs­ti ulag we ara­bag­la­ny­şyk, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, Ýaş­lar sy­ýa­sa­ty, Dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka, Sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet.

Bä­şin­ji ugur – mas­la­ha­tyň we ugur­daş çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän bi­na­la­ryn­da gu­ral­jak te­ma­tik ser­gi­le­ri, şol san­da türk­men ta­ra­pyn­dan gu­ral­jak ser­gi­le­ri, al­tyn­jy ugur – Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň mil­li gün­le­ri­ni we onuň çäk­le­rin­de gu­ral­jak sun­gat us­sat­la­ry­nyň da­ba­ra­ly kon­ser­ti­ni hem-de ahyr­ky ýe­din­ji ugur bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň hor­ma­ty­na gu­ral­jak res­mi na­har­dan yba­rat bo­lar. Bu aý­dy­lan­lar we­kil­çi­lik­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­niň köp­dür­lü­di­gi­ni, olar bo­ýun­ça gel­jek­de ama­la aşy­ryl­jak iş­le­riň bü­tin dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň ro­waç ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mä­ge uly iter­gi ber­jek­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2025-nji ýy­lyň 11-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de «BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­giň ter­ti­bi­ne goş­ma­ça mag­lu­mat» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar üçin He­re­ket­le­riň on ýyl­lyk mak­sat­na­ma­sy (2024 – 2034-nji ýyl­lar) «Awa­za» mak­sat­na­ma­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lar. Bu mas­la­ha­ty döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň de­re­je­sin­de «Hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny gol­da­mak ar­ka­ly ösü­şe ýar­dam ber­mek» at­ly mow­zuk bo­ýun­ça ge­çir­mek ka­rar edil­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň we ola­ryň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Bu fo­rum dün­ýä­niň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk we ki­çi ada­lar­da ýer­leş­ýän ösüp bar­ýan döw­let­ler üçin has-da wa­jyp. Şeý­le me­se­le­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak üçin 2001-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra (UN-OHRLLS) dö­re­dil­di we oňa BMG-niň Ýo­ka­ry we­ki­li ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Bu hal­ka­ra dü­züm az de­re­je­de ösen ýurt­la­ry, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ry hem-de ki­çi ada döw­let­le­ri­ni gol­da­mak bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, dün­ýä­de 44 döw­let az de­re­je­de ösen, 32 döw­let deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan, 39 döw­let bol­sa ki­çi ada döw­let­le­ri ha­sap edil­ýär. Gür­rü­ňi edil­ýän dü­zü­miň çäk­le­rin­de 2023-nji ýy­lyň mart aýyn­da Ka­tar Döw­le­ti­niň Do­ha şä­he­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň az de­re­je­de ösen ýurt­lar bo­ýun­ça bä­şin­ji hal­ka­ra mas­la­ha­ty (LDC5) ge­çi­ril­di. 2024-nji ýy­lyň maý aýyn­da bol­sa An­ti­gua we Bar­bu­da döw­le­tin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüp bar­ýan ki­çi ada döw­let­le­ri­niň dör­dün­ji hal­ka­ra mas­la­ha­ty (SIDS4) ge­çi­ril­di.

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da hem BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­ler. Ýe­ri ge­len­de, 32 sa­ny deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi­niň dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry bi­len yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­na tä­sir ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ze­rur.

Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Jemal JUMAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.