Sanly ykdysadyýet – aýdyň mümkinçilikler
15-11-24

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, elektron senagatyny kämilleşdirmekde, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde netijeli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hususan-da, häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Serdarymyz wezipä girişmek dabarasynda: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belledi. Munuň özi bizi uzak ýyllary nazarlaýan bu maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmäge, Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga ruhlandyrýar.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklaryna we edara-kärhanalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak, innowasion ösüşi çaltlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň iň döwrebap ugry sanly ulgam bolup durýar. Sanly ulgam ösüşiň giň mümkinçiliklerine eýe bolup, hünärmenler tarapyndan saýlanyp alynýar. Bu ugurda uly işleriň amala aşyrylandygyny hem bellemek gerek. Esasan hem kämil hünärmenler taýýarlanyp, işiň sazlaşykly ýola goýulmagy üpjün edilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň geljekde hem dowamly ösdüriljekdigini beýan edýär.
Sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylýan pudaklarynda ösüşiň tizligi üpjün edilýär, çünki ähli işler tehnologiýalaryň kömegi bilen tiz amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrylan enjamlar önümçilikde hem-de bilimde, beýleki pudaklarda möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ulgam uzak aralykdan maslahatlary geçirmäge, resminamalary elektron görnüşde dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär.
Ylym hem tehnologiýa babatda soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ýurtlar, şol sanda dünýäniň ösen tehnologiýa kompaniýalary bilen halkara ylmy-döredijilik gatnaşyklary has-da giňedi, bu ugurda häzirki wagta çenli köp sanly işler durmuşa geçirildi hem-de birnäçe ikitaraplaýyn halkara şertnamalaryna gol çekildi. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda amala aşyrylýan işleriň durmuş-ykdysady ösüşler we döwrebap hukuk üpjünçiligi bilen sazlaşykly alnyp barylmagy Berkarar döwletimiziň ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň mäkäm binýady bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapýandygyny buýsanç bilen bellemeli. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň belent derejelere çykmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Zuhra MAHMUDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.