Bilimli ýaşlar - kuwwatly Watan

06-11-24

Hemme zatdan ozal ylym düşünjesiniň many-mazmunyna, wajyplygyna, aýratyn hem ýaşlaryň göz ýetirmeklerini, düýpli düşünmeklerini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Ylmy ösüşleri belentden-belent derejelere çykarmak üçin, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen bu pudaga dahylly bolan ugurlar boýunça ugurdaş gitmegi Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde häzirki durmuşy we geljekki ykbaly üçin örän wajypdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly­ – bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaş­laryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Türkmenistanda jemgyýetiň, döwletiň we hukugyň özara utgaşykly ösüşi üpjün edilýär. Mälim bolşy ýaly, demokratiýany ösdürmegiň, raýatlaryň bähbidine häzirki zaman hukuk döwletiniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň zerur şertleriniň biri hem ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladadan başlanýar.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berýär. Ýaşlara halkara ölçeglerine laýyklykda bilim bermek, sagdyn bedenli, ruhubelent, käriniň hakyky ussady bolan hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talaby bolup durýar. Kämil ahlakly we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin Watanymyzda ähli zerur şertler döredildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyklykda gurlan hem-de iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda goýuldy.

Ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk hem üpjün etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň bolup ýetişmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň tebigatyna söýgini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemäge aýratyn üns berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirki zaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky işleri döwrebap ýerine ýetirmek üçin «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär, bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Biz ýaşlar özlerimiz hakynda edilýän şeýle alada mynasyp jogap bermek bilen, güýçlerimizi, bilimlerimizi, zehinlerimizi we ukyplarymyzy eziz Watanymyzyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýarys. Giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlara bu ugurda oňyn şertleri döretmek we saglygyny goramak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Wepamyrat REPOW,
Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.