Hormatly okyjylaryň dykgatyna !

14-09-20

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýäniň ösen tehnologiýalar tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmek ugrunda uly üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletimiziň ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýokary sepgitlerini, agzybir işgärleriniň döredijilikli zähmetini, ýurdumyzyň syýasy, medeni, ykdysady täzeliklerini raýatlarymyza ýetirmekde “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazeti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan işine özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň häzirki tapgyrynda hyzmatlaryň sanly ulgama geçirilmeginiň täsiri barha artýar. Maglumatyň sanly görnüşde bolmagy milli ykdysadyýetiň netijeliligini artdyrmaga we raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda çap edilýän neşirleri elektron görnüşine geçirmegiň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şu babatda hormatly okyjylar, biz sizi “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazetine tyy-news.gov.tm internet saýty arkaly neşiriň elektron görnüşine 2020-nji ýylyň ahyryna çenli abuna ýazylmaga çagyrýarys! Tehnologiýanyň ösýän zamanasynda habarlar bilen tanyşmaga amatly hem oňaýly bolan habar beriş serişdeleriniň bu görnüşi islendik ýerde sizi degişli ulgamyň maglumatlary bilen doly üpjün eder.

Gazetimiziň elektron görnüşine abuna ýazylmakda tölegler ýörite internet salgymyzyň üsti bilen islendik wagt tölenip bilner. Munda abuna tölegini tölemek öz ulanýan bank kartlaryňyz arkaly amala aşyrylýar. “Türkmeniň ýüpek ýoly” elektron gazetimizden peýdalanmak we oňa abuna ýazylmak üçin gerekli maglumatlar ýörite ýerleşdiren gözükdirmämizde aýdyň görkezilendir.

Neşiriň elektron görnüşi gazet sahypalarynda çap edilen habarlary okyjylara islendik elektron enjamlarynda — şahsy kompýuter, planşet we smartfon arkaly täzelikleri islendik ýerde okamaga mümkinçilik berýär.

Okyjylar «Türkmendemirýollary» agentliginiň garamagyndaky «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň resmi saýtynyň «Baş sahypa», «Habarlar», «Pudaklar», «Rubrikalar», «Bildirişler», «Arhiw», «Salgymyz» bölümlerinden özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp bilerler. «Baş sahypada» hepdäniň möhüm habarlary, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli makalalar, seslenmeler ýerleşdirilendir. «Habarlar» bölümi ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli ähli habarlary, makalalary, seslenmeleri özünde jemleýär. «Pudaklar» bölüminde ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaryň Berkarar döwletimiziň ynamly ösüşinde eýeleýän wajyp orunlary, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda goşýan goşantlary, alyp barýan wezipeleri, bagtyýar halkymyza edýän ýokary hilli ýolagçy, ýük we aragatnaşyk hyzmatlary barada habarlar bilen aýratynlykda tanşyp bilersiňiz. Bu bölüm hem 5 penjireden ybaratdyr. Olar aragatnaşyk, demir ýol, awtomobil, deňiz we derýa, howa ulaglary pudaklary baradaky maglumatlara alyp barýan köprüdir.

«Rubrikalar» bölüminde ýerleşdirilen habarlar mowzugy boýunça 10-dan gowrak temada bolup, olar gerimi giňligi hem-de gyzyklylygy bilen tapawutlanýar. Bu bölüm dürli ugurlar boýunça täzelikleri, gyzykly maglumatlary, peýdaly maslahatlary we täsinlikleri özünde jemleýär. «Bildirişler» bölümi ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli mahabatlar we bildirişler bilen okyjylarymyzy tanyş etmek üçin niýetlenendir. «Arhiw» bölüminde bolsa gazetiň geçenki sanlaryna salgylanmak mümkinçiligi bar. «Salgymyzda» bolsa redaksiýa bilen habarlaşmak üçin neşiriň ýuridiki we bank maglumatlary ýerleşdirilendir.

«Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetine ýazylmaga howlugyň!

Gazetiň  internet  saýty:  tyy-news.gov.tm

16aeacbc53d23e.jpeg
Türkmenistan 2027-nji ýylda BMG-niň edaralarynyň işine gatnaşygyny berkidýär

2027-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) edaralarynyň we köptaraplaýyn mehanizmleriniň işine gatnaşmagy durnukly ösüş, halkara söwda, durmuş syýasaty, ilat we ösüş, ylym, tehnologiýalar hem-de sport ugurlaryny öz içine alar. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan çap edilen sanawda ýurduň agzalyk möhletleri we başlyklyk ygtyýarlyklary barada maglumatlar jemlenip, onuň BMG-niň ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň giň gerimi görkezilýär.


16aeac897981c1.jpeg
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum

3-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Halkara forum ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde möhüm orun eýeleýän pudaklaryň mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşdyrýar.


16ae817254caac.png
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglandy

30-njy oktýabrda Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylyş dabarasy boldy.


16ae8161f91369.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentine Hajattepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesi berildi

30-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek dabarasy boldy.


16ae814ef95c3d.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitinde eden çykyşynda Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini we bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.