Aşgabadyň waspy dillerde dessan
24-05-24

Her ýylyň maý aýynyň 25-ne Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Aziýanyň dür-merjeni, ak şäherimiz Aşgabadyň waspy bu gün şygyrlarda, aýdymlarda, ajaýyp eserlerde belentden ýaňlanýar. Ýurdumyzdaky medeni-durmuş maksatly binadyr desgalaryň birnäçesi paýtagtymyzyň adyny buýsanç bilen göterýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Ýer ýüzünde parahatçylygyň şäheri diýlip ykrar edilýän gözel paýtagtymyz Aşgabat Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhy ösüşleri başdan geçirýär. Gözümiziň alnynda döreýän täze, döwrebap şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň dürdänesine, dünýäniň esasy syýasy merkezleriniň birine öwrülýär.
Baş şäherimiz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Ähli özgertmeleriň nusgalyk keşbinde gözel paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbini görmek bolýar. Şanly seneleriň milli senenamasynda 25-nji maý indi birnäçe ýyl bäri Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr.
Aşgabat — dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýan şäher. Biziň üçin ol «Watan» sözi bilen manydaşdyr.
Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi. Paýtagtymyzyň kaşaň we göze gelüwli binagärlik keşbini döredýän desgalaryň birnäçesi hem şol kitaba girizildi. Bu görkezijiler Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabada myhman bolup gelen her bir adamyň ilkinji sözi paýtagtymyzyň gözelliginden başlanýar. Aziýanyň merjenine öwrülen türkmen paýtagtynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär.
Seýilgähler Aşgabadyň gözel künjekleriniň biridir. Köçe ýakalarynyň gül-gülzarlyga, baglyga beslenmegi şäheriň ekologiýa meselesine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzyň ähli künjeginde binagärlik toplumlaryna sazlaşykly utgaşyp gidýän seýilgähler, ýaşyl zolaklar şäheriň keşbine owadan öwüşgin çaýýar.
Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi, halkymyzyň buýsanjy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mermer şäherimiz Aşgabat Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň şaýady bolup, asyrlardan-asyrlara aşyp, jahana şugla saçsyn!
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Merjen HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.