KÄMIL ÝAŞLAR – KUWWATLY WATAN
29-11-23

Döwletimizde taryhy ähmiýete eýe bolan syýasy-jemgyýetçilik wakalaryň halkymyzyň agzybirliginde geçirilmeginiň özboluşly manysy, ilkinji nobatda, halkymyzyň milli häsiýetinde, jemgyýetimiziň her bir agzasynyň ertirki gününe bolan uly jogapkärçiliginde hem-de geljege bolan berk ynamynda jemlenýär. Şunda, hususan-da, döwlet berkararlygyny gözüniň göreji ýaly görýän ýaşlara, ertirki Watan eýelerine aýratyn ornuň degişlidigi bolsa buýsanmaga mynasyp hakykatdyr.
Her bir jemgyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýän ýaşlar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň netijeli dolandyrylmagynda döwrebap we barha kämilleşýän adam faktoryny emele getirýär. Döwletimiziň ýaşlaryň bähbitlerini goramakdaky durmuşa geçirýän işleriniň Milletler Bileleşiginiň ileri tutýan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň mazmunyndan çaganyň we ýaşlaryň erkin ösmegine gönükdirilen wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny bellemek gerek. Resminamada berkidilen ýaşlaryň ýokary hilli bilime we zähmete bolan elýeterlilik, isleg bildirýän hünärlerini we kärlerini saýlap almagy, deňlik we daşky gurşawyň goragy ýaly wezipeleriň ýaş nesillere gönükdirilmegi, olaryň adam serişdesi hökmünde döwrebap ösüşi üpjün etmekdäki wajyp ornunyň ählumumy ileri tutulýandygyny tassyklaýar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmekleri hemde ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmekde, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeler gazanylýar. Çünki bu ugurda hormatly Prezidentimiz uly işleri amala aşyrýar. Hususanda, ýaşlaryň ylmy işlere imrinmegi, şeýlede alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi ugrunda döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän oňyn şertler öz datly miwesini-de berýär.
Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi boýunça maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy hem döwrüň ylmy gazananlaryndan, sanly elektron ulgamlaryndan, dünýä dillerinden baş çykarýan giň dünýägaraýyşly, sowatly ýaşlaryň, hünärmenleriň kämillik derejesi bilen ölçenilýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda berkidilen: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýen kadadan gözbaş alýan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň hemişe döwletimiziň üns merkezindedigini, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli zerur syýasyhukuk, maddyüpjünçilik şertleriniň döredilendigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan her bir işiniň özeninde Watanyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky alada bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Bazargeldi SPARGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we Kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugalymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.