Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
08-12-25
Türkmenistan bilen Gazagystan goňşy, taryhy-medeni taýdan ýakyn, sebitiň durnuklylygynda we ösüşinde möhüm orun eýeleýän döwletlerdir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat we deňhukukly hyzmatdaşlyk düzýär. Türkmen – gazak gatnaşyklary häzirki wagtda syýasy, ykdysady, medeni, halkara we energetika ugurlarynyň birnäçesi boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Bu babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary hem uly ähmiýete eýedir.
Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde döwlet Baştutanymyzyň şahsy goşandyny belläp, bu gezekki saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gazak-türkmen gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi hem-de hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – «Altyn Kyran« ordeni bilen sylaglady.
Astanada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
«Akorda» köşgünde hormatly Prezidentimiziň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti dürli ugurlara degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi. Iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşinde söwda dolanyşygy, energetika, ulag-logistika we oba hojalygy möhüm orny eýeleýär. Bu ugurlarda giň mümkinçilikler bar we ýylyň-ýylyna hyzmatdaşlyk giňelýär.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşyklarynda möhüm orun tutýan söwda dolanyşygy ýylda durnukly depginde ösýär. Energetika hyzmatdaşlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm bölegidir. Türkmenistan öz tebigy gazyny we energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmakda sebitleýin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Gazagystan hem sebitiň energetika howpsuzlygynyň möhüm gatnaşyjylarynyň biridir.
Iki döwletiň arasynda suw hojalygy boýunça hyzmatdaşlyk hem möhüm ugur bolup durýar. Serhetýaka derýalaryň we suw serişdeleriniň netijeli paýlanmagy boýunça yzygiderli gepleşikler geçirilýär. Şeýle hem maldarçylyk, ekinçilik, tohumçylyk we tehnologiýalar babatda ýygjam gatnaşyklar ösdürilýär.
Türkmen–gazak hyzmatdaşlygynyň iň möhüm ugurlarynyň biri-de ulag-logistika ulgamydyr. Iki ýurduň çägi arkaly Gündogar–Günbatar, Demirgazyk–Günorta ugurlarynda halkara üstaşyr mümkinçilikler bar. Iki ýurduň arasynda ulag-logistika babatda bilelikdäki tagallalar netijesinde Türkmenistan–Gazagystan–Eýran demir ýoly sebitleýin söwdanyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Gazagystanyň Aktau we Kuryk portlary bilen Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasyndaky hyzmatlaryň giňeldilmegi, Merkezi Aziýadan Gündogara we Ýewropa iberilýän ýükleriň akymynyň artmagy türkmen–gazak hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Taryhda türkmenler bilen gazaklaryň ruhy-medeni taýdan ýakyn gatnaşykda bolandygy bellidir. Şonuň üçin bu günki gün iki döwletiň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir. Hoşmeýilli, dostana gatnaşyklar halklaryň arasyndaky ruhy jebisligiň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Türkmen–gazak hyzmatdaşlygy dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Bu hyzmatdaşlyk öz nobatynda tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine hem uly goşant goşýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Sapargül WALIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň menejment we innowasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.