BILIM — KÄMILLIGIŇ NURANA ÝOLY

07-11-24

Ata Watanymyzyň beýik geljegi şu günki nesliň aljak bilim-terbiýesi bilen baglanyşdyrylýar. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim we terbiýe berlişiniň hil derejesini barha ýokarlandyrmak alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň esasyny düzýär. Häzirki döwürde döwletiň ylym-bilim ulgamy ýurduň ösüşiniň guralydyr. Biziň ýaşaýan jemgyýetimizde adamlaryň bilime bolan höwesi, ylymda täze oýlap-tapyşlara bolan ymtylmalar has-da ösýär we kämilleşýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasy düzüm bölegi bolan bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, alnyp barylýan işleri maksadalaýyk guramakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler bu ulgamyň günsaýyn özgerýänliginiň subutnamasydyr. Beýik ösüşlere beslenýän döwletimiz tarapyndan bilim ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmaga goýberilýän maliýe we maddy serişdeleriň möçberi ýokarlandyrylýar, bilim ulgamy üçin niýetlenip gurulýan binalaryň sany hem barha artýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli we toplumlaýyn özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, olaryň bilim derejeleriniň ýokarlanmagyna aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan işler döwletimiziň geljekki ösüşlerini üpjün etjek, Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň binýadyny pugtalandyrjak esas bolup, hemmetaraplaýyn bilimli, ýokary hünärli ýaş nesilleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan ýokary hilli bilim ulgamyny döretmekde, mugallymlary taýýarlaýyş we olaryň hünärini ýokarlandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň işiniň hilini ýokarlandyrmaga we hünär taýdan birsyhly kämilleşdirmäge gönükdirilen höweslendiriş usullaryny döretmek dowam etdiriler. Bilim edaralaryny gurmak we düýpli abatlamak babatda işleriň dowam etdirilmegi, umumy bilim berýän edaralaryň ulgamyny rejelemek boýunça ýörite maksatnama taýýarlanylarwe durmuşa geçiriler diýlip bellenilýär. Şeýle-de bilimiň hünär-tehniki taýýarlygyň ähli derejelerine deň elýeterligi üpjün etmek maksadynda ösdüriji, düzediş giriziji we inklýuziw maksatnamalary ulanmak arkaly saglyk mümkinçiligi çäkli çagalary okatmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreler işlenip taýýarlanylýar. Şonuň bilen baglylykda, aýratyn zerurlyklary bolan şahslaryň bähbitlerini, şeýle hem gender jähtlerini hasaba alýan okuw mekdepleri dörediler we kämilleşdiriler, hemmeler üçin howpsuz hem-de netijeli okuw gurşawy üpjün ediler. Bu çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurduň Durnukly ösüşiň 4-nji maksadyny ýerine ýetirmek boýunça borçnamalary bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydygy bellenilýär.

Eziz Diýarymyzda bilim hyzmatlarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy, umumy orta bilimiň hökmanylygy we ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almagy kanun arkaly üpjün edilýär. Häzirki wagtda raýatlaryň bilime bolan hukuklaryny doly durmuşa geçirmekleri üçin ähli zerur şertler, şol sanda kanuny üpjünçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kadalaşdyryjy hukuknamalaryň esasy maksatlary hem raýatlaryň bilime bolan hukugynyň kanuny üpjünçiligini artdyrmakdan, şol hukugyň amala aşyrylmagyny has netijeli we düýpli üpjün etmekden ybaratdyr. Esasy Kanunymyzda her bir raýatyň bilim almaga hukugynyň bardygy hakyndaky hukuk kadasyndan gözbaşyny alyp gaýdýan kadalaşdyryjy hukuknamalary ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilli üpjün edilmegini, bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyk getirilmegini göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzda häzirki wagtda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde birnäçe hukuknamalary kabul edildi. Hereket edýän bilim babatyndaky kanunçylygymyz bolsa, has-da kämilleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanuny ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasatynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini kesgitleýär. Kanun bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän, ökde hünärmenleri taýýarlamaga, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge, olary halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary hil netijelerini gazanmaklaryna giň ýol açýar.

Türkmen ýaşlary hem özleri barada edilýän aladalary ödemek ugrunda yhlasly okap, eziz Diýarymyzyň at-abraýyny belende göterjek ökde hünärmenler bolup ýetişerler. Ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine biz ýaşlar hem geljekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Ýaş nesliň kämil, başarjaň hünärmenler bolup ýetişmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

Bibi GURBANGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işiniň mazmuny okatmagyň döwrebap täze usullaryny halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyryp işläp taýýarlamakdan, hünär bilimlerini, nazary hem amaly işlerini usuly taýdan dogry guramak ussatlyklaryny artdyrmakdan, syýasy düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, täze-täze hünärleri öwretmekden, ylmyň we tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazanan üstünliklerine daýanyp, olaryň dürli pudaklary babatda ýetilen ýokary sepgitler hakyndaky täzeçe düşünjeleri giňden almaklaryna bolan zerur islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Çünki häzirki döwrüň hünärmeni öz hünäri boýunça bilimleri ele almak bilen birlikde dünýä dillerini bilmeli, kompýuter tehnologiýalaryny öz hünärinde, işinde hyzmat etdirmegi başarmaly. Ýurdumyzda ýaş hünärmenlerde şeýle ukyp-başarnyklaryň kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.