Hemişelik Bitaraplyk – baky abadançylyk
09-12-25
Ynsanperwer ýörelgeleriň esasynda hemişelik Bitaraplyk hil taýdan täze derejä eýe boldy. Onuň dünýä derejesindäki ähmiýeti artdy. Ýurdumyz iri halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açdy. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.
Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ugry ýurdumyzyň ösüşlerine, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen tagallalary, öňe sürýän başlangyçlary rowaçlyk tapýar. Ýurdumyz adam hakyndaky aladany ileri tutup, bu ugurdaky kämil ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde goýýar. Döwletimiz hemişe halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýär. Şonuň üçin häzirki wagtda bütin dünýäde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly hormat goýulýar. Hemişelik Bitaraplygymyz biziň üçin mukaddesdir, buýsançdyr. Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk arkaly ösüşe möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýan işler ählumumy parahatçylygy gazanmakda durnukly ösüşi üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem buýsançlydyr. Häzirki wagtda dünýä möçberindäki ählumumy meseleleri çözmekde Türkmenistan ýokary işjeňlik görkezip, hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolup galýar. Beýleki halklaryň işlerine goşulmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk dünýäniň geosyýasy giňişliginde parlak ýyldyz bolup dogan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar.
Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna guralýan medeni çäreleriň halkara derejede amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, bagtyýarlygyň berkarar bolýan ülkesi hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi umumadamzat jemgyýetiniň ýaşaýşy üçin uly ähmiýete eýe bolan parahat durmuşy üpjün etmek bilen berk baglydyr. Watanymyzyň bagtyýarlygy, agzybirligi, abadan durmuşy, asudalygy nusgalykdyr.
Ak şäherimiz Aşgabadyň sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi türkmen Bitaraplygynyň iş ýüzünde ykrar edilýändigini görkezýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy özüniň doly many-mazmunynda sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, deňhukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda bu topara birnäçe döwletler agza bolup durýar we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary goldaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň maksady Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyryp, döwletleriň we halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Muňa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalar hem aýdyň subutnamadyr. Şol resminamalar parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda Bitaraplygyň taryhy kökleri inçelik bilen yzarlanylýar. Ynamyň, deňhukuklylygyň, ysnyşyklylygyň girewi hem-de halkymyzyň päk ýürekliliginiň, lebzine ygrarlylygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolan hemişelik Bitaraplygyň many-mazmuny bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer. Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Arslanmyrat PIRMUHAMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Nerw keselleri we neyrohirurgiya kafedrasynyñ assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.