«Saglyk» Döwlet maksatnamasy ynamly durmuşa geçirilýär
14-03-26
Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda bahasyna ýetip bolmajak işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda «Ene mähri», gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňat netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy.
Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jildi halkymyzyň, esasan-da, ýaşlaryň buýsançlaryna buýsanç goşdy. Ýaşlaryň sesi, ýaşlaryň şeýle beýik işlere bolan garaýşy, jemgyýetçilik işlerine bolan gatnaşygy şu ýerde aýdyň duýulýar. Bu gün ýaşlar asly kämil lukman bolan parasatly Arkadagymyzyň: «Sagdyn beden we sagdyn ruh Allatagalanyň ynsana eçilen baýlygydyr. Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr. Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr» diýen dürdäne sözlerini baýdak edinip, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş kadalarynyň birine öwürdiler.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň her bir kitabynyň ilkinji sahypalary okyjylara mylaýym, ynsanperwer ýüzlenmesi bilen başlanýar. Bu ýüzlenme tüýs ýürekden bolmak bilen, okyjylary özüne bendi edýär.
Kitapda her bir ösümlik barada umumy häsiýetnama, olaryň ösüş aýratynlyklary, ýaýraw derejesi, himiki düzümi, ulanylyşy, derman taýýarlanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Şeýle-de kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümliklerini ýygnamagyň düzgünleri, olaryň ynsan saglygyna edýän täsirleri, halk lukmançylygy esasynda taýýarlanylýan emler dogrusynda gyzykly söhbet edilýär.
Milli Liderimiz kitabyň girişinde: «Türkmen lukmançylygynyň milli mirasynyň köküni goýup giden beýik şahsyýetleriň ömrüni, hünär döredijiligini, ylmy mirasyny öwrenmek, biziň nesillerimiziň mukaddes borjudyr» diýip, örän jaýdar belläp geçýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitaby hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistik maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edilen 22 bölümden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady, ilatyň saglygyny goramakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli özboluşlylyga laýyk bolmagyny üpjün etmekde, ýurdumyzda şähergurluşyk işlerini ýokary derejelere ýetirmekde alyp barýan beýik işleriniň aýdyň ykrarydyr diýip ynamly aýdyp bileris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi şeýle ajaýyp wakalara besleýän, adam baradaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, jemgyýetde iň gymmatly hazynany ynsanyň saglygyna deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun!
Sähetbike ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.