Bagy-bossan Aşgabat
06-12-23

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Köp ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Bu iş ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna goldaw berýär.
Pasyllaryň soltany baharyň ülkämize nur-bereket paýlap ygally gelmegi al-ýaşyl gülleri bilen älemgoşar deýin lowurdaýan mähriban paýtagtymyzy gaýtalanmajak gözellige besledi. Halkymyzda bag ekmek uly sogap iş hasaplanýar. Şoňa görä-de halk içinde «Bag ekeniň ömri baky» diýen pähim hem ýörgünlidir. Halkymyzda akar suwa ýap gazmak, ýol çekmek, köpri gurmak,ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek sogap hasaplanypdyr. Şeýle asylly däplere halkymyz uly sarpa goýýar.
Bütin dünýäde asudalygyň, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan Watanymyzda bag ekmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi ähli halkymyzy guwandyrdy. Golaýda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy baradaky aýdylan hoş habar ähli halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy.
Paýtagtymyzyň töwerek-daşyny gurşap duran dag-derelerde çeşme-çaýlar lummurdap akýar, baýyrlyklardaky bahar gülleri, jümjümedir gülälekleriň, saýaly baglaryň daş-töwerege hoştap ysyny ýaýradyp, baharyň jana şypaly mylaýym ýellerine ikibaka owsun atyşy kalbyňy heýjana getirýär. Her ýylda baharyň ajaýyp günlerinde täze hasylyň düýbüniň tutulmagy, bag nahallarynyň, gülleriň ekilmegi köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň baş şäheri baky baharyň mekanyna öwrülýär. Iň owadan baglaryň we hoştap ysly ter gülleriň şäheri hökmünde tanalýan Aşgabat bu günki gün ajaýyp görki bilen dünýä ýaň salýar. Paýtagtymyzyň Köpetdag, Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin etraplarynyň Bagçylyk müdirlikleriniň ussat bagbanlary şu günler özleriniň ösdürip ýetişdiren owadan bag nahallaryny paýtagtymyza ýaýratmak işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barmak bilen, bahar paslyna degişli gülleri ekmek işlerini hem üstünlikli alyp barýarlar.
Ak mermerli Aşgabat barha gözelleşýär we öz çäklerini giňeldip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şäher ilatynyň ýaşaýşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly gurşawyň döredilmegini, adamlaryň wagtyny peýdaly we şatlykly geçirmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Soňky ýyllarda tutuş etraplar döwrebaplaşdyryldy, ähli zerur düzümi bolan täze ýaşaýyş toplumlary, seýilgähler emele geldi. Binagärligiň we inženerçilik-tehniki çözgütleriň möhüm desgalary hasaplanylýan ýüzlerçe binalar guruldy. Şolaryň käbirleriniň abraýly halkara baýraklara mynasyp bolmagy hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi milli binagärlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygyny görkezýär.
Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Şeýle hem şäher gurluşygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Iri möçberli ekologiýa maksatnamasyna paýtagtymyz Aşgabadyň goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Goý, ata Watanymyzyň ekologiýa syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Şeýle dünýä nusgalyk üstünlikleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris!
Şatlyk ORAZBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.