Ösüşlere beslenýän saglygy goraýyş ulgamy

25-09-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ulgamy innowasion taýdan ösdürmek we dünýä ülňülerine laýyk getirmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we olary bejermekde öňdebaryjy tehnologiýalar, täzeçil işläp taýýarlamalar önümçilige ornaşdyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda her bir raýatyň sagdyn bolmagy ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek bolup durýar. Agzalan maksatnamany durmuşa geçirmegiň esasynda ýurdumyzda hassahanalar, saglyk merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär.

Gahryman Arkadagymyz ak mermerli paýtagtymyzda üstünlikli geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda: «Sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýar. Şonuň üçin biz 30 ýyldan gowrak mundan ozal, ýagny 1995-nji ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyryp, ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykardyk. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar geljeginiň hem berk binýadydyr» diýip bellemegi saglygy goraýyş ulgamynyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.

Ynsanlara kitap ýaly mukaddesligi sowgat etmek — döwletliligiň, danalygyň hem ynsanperwerligiň alamaty. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan kitaplarynyň her biri-de ömürlere, nesillere ýapylýan bahasyz serpaýlardyr. Ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaralarynyň giň gerim alýan günlerinde hem biz Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildini we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabyny ýüzümize syldyk.

«Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy», «Maglumatnama» diýen bölümlerden ybarat bolan täze kitap bizi türkmen tebigatynyň taýsyz hazynasynyň melhemleri bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde ösýän dermanlyk ösümlikleriň 107-si baradaky maglumatlaryň her biri biziň öňümizde tebigy baýlyklarymyz bilen baglanyşykly täze dünýäni açýar. Kitapda diňe bir dermanlyk ösümlikler barada maglumat berilmän, eýsem, olar arkaly bejergi etmegiň aýratynlyklary, hersini ýygnamakdaky özboluşly usullar, şeýle hem saklamagyň möhletleri dogrusynda alymyň nukdaýnazaryndan durlup geçilýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyl doldy. Bu sene 10-njy oktýabrda bellenen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaralaryna baý öwüşgin berdi. Şu şanly günlerde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan ösüşlere, ýetilen sepgitlere nazar aýlanymyzda beýik üstünliklere buýsanjymyz goşalanýar. Şu geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy görlüp-eşidilmedik derejelerdäki ösüşlere eýe boldy. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda hem şu belent sepgitler hakda giňişleýin söhbet açylýar. Ol maglumatlaryň hut şol beýik ädimleriň gözbaşynda duran ynsan tarapyndan beýan edilmegi kitabyň täsirliligini has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Şeýle hem Arçman şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Bizi begendirýän zatlaryň biri-de paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň täze binalar toplumynyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň guruljakdygydyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar Watanymyzda halkymyzyň saglygy we bagtyýar geljegi hakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maýa ATABALLYYEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.