Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär
12-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry üstünlikli durmuşa geçirýär. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda Türkmenistan, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerinden ugur alýar. Olaryň binýadynda bolsa türkmen döwletiniň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly we hoşniýetli, dostlukly, deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi milli, sebit we dünýä derejesinde üpjün etmek boýunça tagallalary amala aşyrmak babatdaky maksatlary durýar.
«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunda Türkmenistanyň özygtyýarly döwletiň aýrylmaz hukuklaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde öz hemişelik Bitaraplygyny meýletin yglan edýändigi beýan edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny we maksadyny aýan etmek bilen, bu Kanunda onuň içeri we daşary syýasatynyň jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy berkitmäge, dünýä döwletleri bilen dostlukly, birek-birege bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge esas bolup durýandygy barada aýdylýar. Kanunda beýleki meseleler bilen birlikde, ykdysady ugra hem aýratyn orun berilýär. Kanunyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara peýdalylyk we bu işe çekilen taraplaryň bähbitlerini hasaba almak, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garamak esasynda ösdürýär. Şeýle hem, Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistan öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyklygyny üpjün edýär, ähli döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, ykdysady meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam berýär.
Ykdysady çäklerde Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik, taraplaryň bähbitlerine sarpa goýmak esasynda ösdürilmegine Ýer ýüzüniň döwletleriniň we sebitleriň arasynda arkalaşykly hereketleri ýola goýmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy goldamagyň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Şu maksat bilen Türkmenistan eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňhukukly dowam etmegini kepillendirýän, telekeçilik işini höweslendirýän, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini we ygtybarly ýerleşdirilmegini üpjün edýän, maýadarlaryň işi üçin amatly şertleri döredýän ähli zerur ykdysady we hukuk serişdelerini peýdalanýar.
Geçen 30 ýyllyk döwür ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara gatnaşyklarda syýasy üstünlikleri gazanmakda, durnukly ykdysady ösüşimizi üpjün etmekde, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ornunyň uludygyny görkezdi. Häzirki döwürde Türkmenistan sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan peýdalanýan döwletdir. Ýurdumyzyň güýçli depginler bilen ösýän kuwwatly ykdysadyýeti bar. Döwletimiziň ykdysadyýeti daşary ýurt maýa goýumlary üçin hem örän özüneçekiji bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ösüşiniň netijeleri hem doly tassyklaýar. Şol netijeler ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini görkezýär. Bitaraplygyň oňyn häsiýeti ýurdumyzyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň ýokarlanmagynda aýdyň beýanyny tapýar.
Ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasatynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň çäklerinde täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi bilen pugta baglydyr. Berkarar Diýarymyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.