«Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar»
04-01-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen güneşli Diýarymyzda halkyň saglygynyň goraglylygyny dowamly üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilip başlan gününden bäri geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda belent sepgitlere ýetildi.
Maksatnama ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna hem-de lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly badalga berdi. Geçen döwürde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgeleri babatda sowatlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak, näsaglygy wagtynda ýüze çykarmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler keselleýjiligiň azalmagyna hem-de ynsan ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagyna getirdi. Ýurdumyzda täze doglan bäbeklerden başlap, gartaşan adamlara çenli ähli raýatlar üznüksiz lukmançylyk gözegçiligi bilen gurşalýar.
«Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüşlere beslenýän döwrümizde, ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Dünýäniň iň ösen tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde pudagyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlarynyň milli tejribeler bilen utgaşdyrylyp, ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagy raýatlara iň ýokary hil derejesinde saglygy goraýyş hyzmatlarynyň edilmegine şert döredýär. Ynsan saglygynyň ygtybarly goralýan ýerinde uly ösüşleriň gazanylýandygyny bolsa döwletimiziň şu günki durmuşynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň döredýän şertdir mümkinçilikleri netijesinde adamlaryň saglygy hakyndaky alada täze derejä göterilýär. Muňa eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş maksatly döwrebap desgalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekanyna öwrülen ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ilerde goýulýandygy, saglygy goramaga hem-de berkitmäge, sporty, bedenterbiýäni has-da ösdürmäge gönükdirilen işleriň ýylba-ýyldan giň gerime eýe bolýandygy şu berkarar döwletiň raýaty hökmünde biziň her birimiziň kalbymyzy egsilmez buýsanja besleýär.
Raýatlaryň saglygyny goramak, iýmit önümleriniňdir agyz suwunyň hiline, daşky gurşawyň howpsuzlygyna gözegçilik etmek, ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri ylmy taýdan öwrenip, anyklamagyň, bejermegiň täze, häzirkizaman usullaryny işläp taýýarlamak milli lukmançylygyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu babatda alnyp barylýan işler saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýändigine, ynsan saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle öňegidişlikleriň hatarynda saglygy goraýşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ulgamyň dolandyrylyşynyň, guramaçylyk düzüminiň we lukmanlaryň hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilýändigi, saglygy goraýyş edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilýändigi örän buýsandyryjydyr. Halkymyzyň elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilýändigi, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylýandygy, raýatlaryň meýletin Döwlet saglyk ätiýaçlandyrmasynyň girizilip, keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygy hem bellenilmäge mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan bu düýpli özgerişlikler dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi. Geçen döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň etraplarynda hem iň häzirkizaman keselleri anyklaýyş we bejeriş enjamlary ornaşdyrylan hassahanalaryň işe girizilmegi, saglyk öýleriniň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, şypahanalaryň durkunyň düýpli täzelenilmegi ulgamyň işiniň kämilleşmegine, saglygy goraýyş işgärleriniň ukyp-başarnyklarynyň artmagyna uly itergi berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.