Uzak hem sagdyn ýaşamagyň syry
07-01-26
Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Şunda kadaly iýmitlenmek, arassa howa we bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli amal etmek hem-de sport bilen meşgullanmak jan saglygynyň girewidir.
Uzak hem sagdyn ýaşamagyň syry bilen gyzyklanýanlara rus alymy Ilýa Meçnikowyň şu sözlerini ýatlatmak isleýäris: «Adamyň ýaşynyň gysgalmagyna özüniň sebäp bolýandygyny aýtmak gerek». Bu alym bedeni sagdyn saklamak üçin işjeň hereketde bolmagy, zyýanly bakteriýalardan arassalamak üçin bolsa, yzygiderli gatyk içmegi we gök, miwe önümlerini köpräk iýmegi maslahat berýär. Saglyk — ynsanyň iň uly gymmatlygy. Muny ata-babalarymyzdan miras galan «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Bar nygmatdan ýeg saglygyň mazasy», «Saglyk — baýlyk», «Jany saga — bela ýok» ýaly jümlelerden hem görmek bolýar.
Gündelik durmuşdaky işleriň, hereketleriň daşyndan beden maşklaryny etmek, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly işjeňlikleriň saglygy hemmetaraplaýyn berkitmekdäki, taplamakdaky ornunyň uludygyny bellemek gerek. Olar adama umumy saglyk, myşsalaryňa çeýelik, boýuňa syrdamlyk bermekden başga-da, okuwdan we işden soňky ýadawlygyňy aýyrýar hem-de dem alyş, gan aýlanyş ulgamlarynyň işini sazlaýar, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Şunuň özi-de, sagdynlygyň we uzak ýaşamagyň esasy syrynyň işjeň hereketdedigini subut edýär.
Sagdyn hem uzak ýaşamak üçin sagdyn iýmitlenmegi hem ünsden düşürmeli däl. Ýeri gelende bellesek, saglygy iýmit bilen dikeltmek gadymdan bäri bilinýän usuldyr. Şundan ugur alyp, ýagly naharlary, gowrulan, kakadylan etleri däl-de, düzümi peýdaly elementlere baý önümleri köpräk iýmeli. Bu babatda, düzüminde magniý köp bolan iýmitleriň peýdasyny aýratyn bellemek gerek. Sebäbi olar bedendäki zyýanly maddalary çykarmaga, gandaky holesterini azaltmaga ýardam edip, ýürek-gan damar ulgamynyň sagdynlygyny we kadaly işlemegini üpjün edýär, nerwini (degnany) rahatlandyrýar. Şulary nazara alyp, greçka, süle, noýba, nohut, erik, üzüm, şetdaly, garpyz, gara smorodina, itburun, guradylan erikdir garaly kişdesi, kişmiş, hurma, badamjan, kädi, şibit ýaly önümleri köp iýmegi maslahat berýäris. Milli tagamymyz bolan semenide magniý elementi has-da köpdür. Nahar iýlende-de, aşgazana agram salmaly däl, aşa doýmagyň howp beriji zyýandygyny bilmek gerek. Şeýle hem, hiç wagt açlyk duýmazdan, iýip-içmäge howlukmaly däl.
Käbir naharlar we önümler saglygyňa zyýan berip, gan basyşynyň üýtgemegine sebäp bolýar. Şolaryň arasynda nahar duzy öňdäki orunda durýar. Eger iýmitde duzy kemeltseň, gan basyşy dermansyzam kadalaşýar. Duz endamdaky suwuklygyň hereketini görnetin peseldýär, bu ýagdaý damarlaryň daralmagyna getirýär. Netijede, bedendäki gan aýlanyşygynyň kadasy bozulýar. Umuman, sagdyn we uzak ýaşamagyň syrlary hökmünde bulardan başga-da, elin taýýarlanan süýt-gatyk önümleriniň peýdalydygy, ýag, şeker, süýji-köke we un önümlerini çäklendirmegiň zerurlygy ýaly birnäçe düzgünleri berjaý etmelidir.
Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Mähri JÜMMIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Inçekesel kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.