Şypahana hyzmatlarynyň guwandyryjy sepgitleri
18-01-26
Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berk binýadyny goýan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetilip, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýurdumyzda häzirki zaman şypahanalary guruldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamda üstünliklere ýetmekde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen kabul edilen, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy esasynda durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň örän uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek aýratyn buýsançlydyr.
«Arçman» şypahanasy
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasy, esasan, aşgazan-içege, daýanç-hereket ediş, çetki nerw ulgamlarynyň keselleri anyklanan raýatlaryň saglygyny dikeltmekde uly meşhurlyk gazanandyr. Bu şypahanada diş, göz, gulak-burun-bokurdak, deri, ginekologiýa we beýleki kesellere duçar bolan näsaglarda şypahana bejergisi geçirilýär.
«Ýyly suw» şypahanasy
Ýurdumyzyň täsin şypahanalaryň ýene-de biri — «Ýyly suw» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýär. Daş-töweregi pürli, saýaly we miweli daragtlaryň müňlerçesi bilen gurşalan şypahana oňaýly tebigy şertleri, çeşmeleriň we dag howasynyň bejerijilik häsiýetiniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Deriniň, peşew we jyns agzalarynyň sowuklama keselleri «Ýyly suw» şypahanasynyň esasy bejeriş ugry bolup durýar. Şypahanada mundan başga-da, süňk-bogun, nerw, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň, ýokary dem alyş ýollarynyň keselleriniň şypahana bejergisi geçirilýär. Süýjükeseliň ýeňil görnüşi, galkan şekilli mäziň näsazlyklary, önelgesizlik anyklanan ýa-da dürli şikeslere duçar bolan raýatlaryň saglygy dikeldilýär.
«Bagabat» şypahanasy
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşip, howasy melhem, ösümlikleri derman Bagabat jülgesine bezeg berýän «Bagabat» şypahanasynda ähli şypahanalarda bolşy ýaly Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda mehemlik häsiýeti barada gürrüň berilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan çaýlar şypahanada geçirilýän dem alyş, nerw, ýürek-damar, endokrin ulgamlarynyň keselleriniň bejergisiniň täsirini artdyrýar.
«Farap» şypahanasy
«Farap» şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden demirgazyk-günbatarda Amyderýanyň sag kenarynda, Çärjew etrabynyň Goýgala obasynda geçen asyryň ortalarynda geologiýa barlag ekspedisiýasy tarapyndan üsti açylan mineral suwly guýy ýataklarynyň üçüsiniň esasynda döredilendir. «Farap» şypahanasynyň suwunda D.I.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky himiki elementleriň 32-den gowragy saklanýar. Şypahanada şypaly suwlaryň we döwrebap enjamlaryň kömegi bilen ýürek-damar, nerw, iýmit siňdiriş, peşew-jyns ulgamlarynyň keselleriniň şypahana bejergisi üstünlikli geçirilýär.
«Awaza» şypahanasy
«Awaza» şypahanasynyň bejeriş-sagaldyş täsiri, esasan-da, bu ýerdäki ajaýyp deňiz howasy hem-de 600 metr çuňlukdan çykýan dikguýynyň ýod-bromly bejeriş ähmiýetli mineral suwy bilen baglanyşyklydyr. Şypahanada sowuk howa akymy bilen bejeriş (krioterapiýa), mineral duzlar bilen baýlaşdyrylan howadan dem almak arkaly bejeriş (galoterapiýa), ozon bilen bejeriş (ozonoterapiýa), hoşboý yslar bilen bejeriş (aromaterapiýa), gyzgyn bazalt daşlar bilen owkalama ýaly döwrebap usullary ulanmak arkaly raýatlaryň saglygyny dikeltmekde ýokary netijeler gazanylýar.
«Baýramaly» şypahanasy
Diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, tutuş dünýäde meşhur «Baýramaly» şypahanasy böwrek kesellerini bejermek üçin ýöriteleşdirilendir. Şypahana özboluşly mikroklimaty bilen tapawutlanýar. Bu ýerde tomusda yssy, gyşda ýyly, ýokary derejede gury howanyň saklanmagy böwrek kesellerini üstünlikli bejermäge mümkinçilik berýär. Ylmyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan tehnologiýalar boýunça ýasalan döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanada diňe bir böwrek keselleri anyklanan näsaglar däl-de, eýsem, ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň kesellerine duçar bolan raýatlar hem şypahana bejergisini alyp, saglygyny dikeldip bilýärler.
Özgertmeler maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistan Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar etdiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmekde, bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan köpugurly işleri hemişe rowaçlyklara ýaran bolsun!
Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.