Kämilligiň aýdyň binýady
21-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli pudaklar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşleriň ak ýolundan öňe barýar. Çünki ylym-bilim bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçin hem Watanymyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilen bir hatarda, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem giň gerimde durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny başarnykly ulanmakda dil bilmegiň zerurlygy hemmä mälimdir. Ýurdumyzda hereket edýän çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde daşary ýurt dilleri öwredilýär. Dil babatynda alnyp barylýan syýasat türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilim almaklaryna gönükdirilendir. «Täze bir dil öwrenmek dünýäni synlaýan penjiräniň köpelmegidir» diýlişi ýaly, daşary ýurt dillerini bilmeklik täze mümkinçilikleriň gözbaşy bolup durýar.
Türkmen diliniň üsti bilen daşary ýurt dilini öwretmek mugallymyň kämil başarnygyny, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Ýurdumyzyň mugallymlary bolsa ýaşaýan zamanasyna laýyk, giň dünýägaraýyşly adamlary kemala getirmekligi özlerine maksat edinýändir. Şunuň bilen baglylykda, terbiýeçilerdir mugallymlar, şol sanda daşary ýurt dili mugallymlary okatmagyň aýry-aýry usullaryndan we dürli serişdelerden peýdalanmak arkaly berilýän bilimiň netijeli bolmagy ugrunda ýadawsyz işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir» diýen sözleri olaryň işinde esasy çelgidir.
Daşary ýurt dilleri sapaklarynda mugallymlaryň lingafon enjamlaryndan, kompýuter tehnologiýalaryndan, interaktiw tagtalardan peýdalanmaklary sapaklaryň täsirliligini we netijeliligini has-da artdyrýar. Işiň şeýle guralmagy çagalar baglarynda körpelere daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň birinji basgançagy bolan çagalar bagynda işi göwnejaý gurap, innowasion tehnologiýalardan, multimedia enjamlaryndan okuw sapaklarynda netijeli peýdalanmak döwrüň möhüm talabydyr.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek we özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlary ornaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň öňünde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugra degişli Maksatnamany taýýarlamak wezipelerini öňde goýdy. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny çuňlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna»,şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda bu ulgamda sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar.
Ýokary okuw mekdeplerinde elektron kitaphanalaryň, sanly portallaryň işi ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, multimedia serişdeleriniň ulanylmagy maddy çykdajylary azaltmaga, dolandyryşy ýeňilleşdirmäge, maglumatlaryň merkezleşdirilen dolandyrmasyny ýola goýmaga, talyplaryň ýetişigine gözegçilik etmäge, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynyň arasynda onlaýn maslahatlary guramaga ýardam edýär. Bu bolsa ylma höwesek ýaşlaryň mynasyp derejede hünär öwrenmegine, ylmy gözleglerini çuňlaşdyrmagyna ýol açýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda yzygiderli ders we ylmy işleriň bäsleşikleri geçirilip, olaryň başarnyklary doly derejede açylyp görkezilýär.
Türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.