ÝOLLARYMYZ ASUDA, ILLERIMIZ PARAHAT

22-09-22

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentlikleriniň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halky bu günki gün bagtyýarlyk zamanasynyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenistan dünýä ýüzünde özüniň mizemez jebisligini, agzybirligini we bagtyýarlygyny äşgär edip, Berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda aýgytly ädimleri ädýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymaty bu gün ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda dabaralanýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ähli maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tapgyrlaýyn ýagdaýda durmuşa geçirilýär.

Belent mertebeli Prezidentimiziň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen watansöýüjilikli şygaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşler, beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty netijesinde berkarar türkmen döwleti rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýady berkden tutulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini görkezip, ählumumy integrasiýa goşulyşýan ýurt hökmünde dünýä tanalýar. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda ösüş depginleri bilen durnukly ösüş gazanýan ýurtlaryň hataryna girýär.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygy hemmetaraplaýyn üpjün edilýär. Her ýylda uly dabaralara beslenip geçirilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen utgaşyp gelýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda badalga berilýän biraýlyk bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň biridir. Halk hakynda aladany esasy orunda goýýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalary esasynda durmuşa geçirilýär.

Bütindünýä Saglygy soraýyş guramasynyň yglan eden «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 10 ýyllyk maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda bellenilişi ýaly, ýol hereketiniň howpsuzlygy oňa gatnaşyjylaryň ýol-ulag hadysalaryndan we olaryň netijelerinden goraglylyk derejesini görkezýän ýol hereketiniň ýagdaýy bolup durýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitlemek bilen, ýol hereketiniň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän we raýatlaryň jan saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklarydyr kanuny bähbitlerini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalar, ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ulag serişdeleri hem artýar. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem, her bir raýatyň borjy bolup durýar. «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem onuň düzümindäki awtoulag kärhanalarda bu işler dogrusynda gündelik işler alnyp barylýar. Halkymyza hyzmata çykýan ýolagçy gatnadýan awtoulag serişdelerini dolandyrýan sürüjiler bilen ýol hereketiniň düzgünleri barada maslahatlardyr gözükdirijiler yzygiderli geçirilip, sürüjiler lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär. Ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmekde sürüjilere esasy talaplar bildirilýär. Her bir sürüji öz ulagynyň tehniki ýagdaýynyň sazlygyny, guratdygyny barlap durmaga borçly edilýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýol hereketine gatnaşyjylaryň bir görnüşini düzýänler hem pyýada ýolagçylardyr. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýol hereketinde pyýada ýolagçylar artykmaçlyklardan peýdalanýarlar, emma bu ýol hereketine gatnaşylanda olary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar. Pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrüldi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz öz taryhy çykyşlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň ählumumy biraýlygyna laýyk gelýän degişli çäreleri guramak we geçirmek barada tabşyryklary berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ajaýyp ak ýollar şeýle wezipeleri nazara almak arkaly gurulýar. Ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, awtoulag sürüjileriniň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýollaryň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär.

Biz hem, bilim işgärleri bolup, ýurdumyzda asylly däbe öwrülen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlykda ýol hereketi bilen bagly bolan degişli işleri geçirip, halkymyza edilýän ýokary hilli awtoulag hyzmatlaryny görkezmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri we zerur şertleri üçin hormatly Prezidentimize köp-köp sagbolsunymyzy aýdýarys! Arkadagly Serdarymyza döwletimizi gülledip ösdürmek, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ýaly belent maksatly beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris!

Saadat ÇARYÝEWA, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy.

1633f328f64aeb.jpeg
Eýranyň Türkmenistana eksportynyň möçberi 40% artdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana eksportynyň möçberi Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 21-nji martynda başlap, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40% artdy. Bu barada Eýranyň Söwda ösüşi guramasynyň başlygy Alireza Peýmanpak sişenbe güni Eýranyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohberiň Moskwada geçirilýän ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagy barada teswir berende aýtdy.


1633f2768bfbf7.png
Türkmenistanda ýol yşyklary hem-de LED ýol belgileri öndürilip başlanar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu barada TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär.


1633f25879df66.jpeg
"Türkmen Radio"-da türkmen dilindäki aýdymlar elýeterli edildi

iOS we Android ulgamlary üçin niýetlenen "Türkmen Radio" mobil goşundysyna diňe türkmen dilindäki aýdymlary diňlemek mümkinçiligi hem goşuldy. Indi bu bölüm arkaly meşhur ýerine ýetirijileriň birnäçesiniň aýdymlaryny diňläp bilersiňiz.


1633f23e37a230.jpeg
Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri: Hazardaky iň döwrebap port – Türkmenbaşy porty

“Türkmenistan häzirki wagtda gurluşygyna rus kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýan infrastrukturasyna ep-esli maýa goýýar. Bu ýerde Hazar deňziniň iň döwrebap porty Türkmenbaşy porty guruldy" - diýip, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow şu gün Moskwada işe başlan II Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda “Rossiýskaýa Gazeta " beren interwýusynda aýtdy.


1633ced2a18568.jpeg
Türkmenbaşy porty ýörite gümrük düzgüninde ýük saklamak üçin ygtyýarnama aldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýörite gümrük düzgüninde ýük saklamak üçin ygtyýarnama aldy. Bu hyzmat portuň çäginde dürli ýükleri we harytlary, hasaba almazdan we gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.