Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary

Ilkinji Şiszýaçžuan - Belgrad ýük otlusy ýola düşdi
21-nji martda Hebeý welaýatynyň Şiszýaçžuan şäherinden Belgrada tarap konteýner otlusy ýola düşdi. Munuň Hytaýyň demirgazygyndaky Pekin — Týanszin — Hebeý sebitini Serbiýa bilen birleşdirjek ilkinji Hytaý-Ýewropa ýük otlusydygyny «Xinhua» habarlar agentligi köpçülige ýetirdi.

HHR-dan gämileriň eksporty barha artýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanýan «Xinhua» habarlar agentligi şu ýylyň iki aýynyň netijeleri boýunça Hytaýdan gämileriň eksporty hem göwrümi, şeýle-de gymmaty boýunça ep-esli ösendigini habar berdi.

«Ростелеком» noutbuklar bazaryna çykmagy maksat edinýär
Russiýanyň “Rostelekom” telearagatnaşyk operatorynyň düzümine girýän «Ростелеком Информационные Технологии» kompaniýasy kompýuter önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär.

Aýda demir ýol peýda bolar
Northrop Grumman kompaniýasy Aýdaky demir ýol taslamasyny düzer. Aýda demir ýol konsepsiýasyny döretmek baradaky şertnama Öňdebaryjy goranyş barlag taslamalary agentligi (DARPA) bilen baglaşyldy.

«Boeing» kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider
«Boeing» amerikan kompaniýasynyň başlygy Deýw Kelhun soňky aýlarda uçarlar bilen baglylykda bolup geçen tehniki meseleler we heläkçilikler sebäpli ýylyň ahyrynda işden gitmekçidigini habar berdi. Bu barada «1prime.ru» saýty ýazýar.

Emeli intellekt adamlaryň geljekdäki saglyk meselelerini çaklap biler
Emeli intellekt hassalaryň geljekdäki saglyk meselelerini çaklap biler. Alymlar bu tehnologiýanyň lukmanlara diagnoz we näsaglara gözegçilik etmekde kömek edip biljekdigini aýtdylar. 811 müňden gowrak hassanyň maglumatlary bilen taýýarlanan emeli intellekt guralynyň 68 bilen 76 göterim arasynda takyk netijeleri berendigi bellendi.

«Russiýanyň demir ýollary» ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda serhet geçelgeleriniň 8-sini ösdürer
«Russiýanyň demir ýollary» serhet geçelgeleriniň 8-sini ileri tutulýan ugur hökmünde ösdürmegi dowam etdirýär. Şolaryň hatarynda «Mahalino», «Zabaýkalsk», «Grodekowo», «Nauşki», «Derbent», «Aksaraý» hem-de «Kartallar» atly geçelgeleriň bardygyny «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow «TransRussia 2024» fotumynda eden çykyşynda belledi.

Samsung emeli intellekt üçin ýarymgeçirijileri işläp taýýarlamak boýunça barlaghanany esaslandyrdy
Samsung Electronics Co. kompaniýasy ýarymgeçirijileriň düýgöter täze görnüşini işläp taýýarlamak boýunça barlaghanany döredendigini habar berdi. Ýarymgeçirijileriň bu görnüşi ähli emeli intellekt üçin zerurdyr.

«Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary hödürleýär
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary bilen «Airbus» kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Zangezur geçelgesiniň açylmagy bilen ýük daşamagyň derejesi artdyrylar
Zangezur geçelgesiniň açylmagy Orta geçelgä tarap daşalýan ýüküň möçberini her ýyl 25 tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik döreder.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.