Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
1686b50e48d13d.jpeg
3 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

1686b4fde46284.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

1686756ad27e06.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

168660ba21871d.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

16863767e61667.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

1686374e8312cf.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

168622cca0e35a.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

168621fa20f9d0.jpeg
3 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli gutlagy

Häzirki döwürde ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy işler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklary yzygiderli ösdürilýär. Garaşsyz ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär.

168621da800280.jpeg
3 aý ozal
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

Sizi ýurdumyzyň taryhynda ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen bu şäher Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

1685e2005e7943.jpeg
3 aý ozal
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň äh­li hal­ky­na

Si­zi asu­da Wa­ta­ny­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ňiz­de uly ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw ed­ýä­rin.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.