Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy
17-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy
16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Gahryman Arkadagymyz Awazada welosipedli gezelenç etdi
13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
11-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Sizi sahawatly türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýygnap, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.