Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16732e2c626383.jpeg
1 ýyl ozal
Olýa — Türkmenbaşy deňiz gatnawynyň operatory kesgitleniler

Sebitiň Söwda we senagat ministrliginiň habar bermegine görä, öňdebaryjy ýük daşaýan kompaniýalar gämilerini bu ugurda ulanmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu bolsa geljekde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük akymyny artdyrar.

16732da00babdb.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy

11-nji noýabrda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan türgenler gatnaşýar.

16731ad46cc357.png
1 ýyl ozal
Aşgabat ITTC-2024 Halkara maslahatyny we sergisini kabul etmäge taýýarlanýar

Aşgabatda Ulag we üstaşyr geçelegeleri boýunça III Halkara maslahaty we sergisi (ITTC-2024) geçiriler. Şu ýyl çäräniň durnukly ulagy ösdürmekde we pudagyň sanly transformasiýasyna ýardam etmekde möhüm ädim boljakdygyna garaşylýar.

16731a3b0e3e17.jpeg
1 ýyl ozal
Ulag pudagynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

1673185270c358.jpeg
1 ýyl ozal
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

10-njy noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

16731ac7919b03.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.

16731a631ab511.jpeg
1 ýyl ozal
«Amanullah Transport and Logistics» kompaniýasy halkara logistika hyzmatlarynyň bitewi toplumyny ýerine ýetirýär

«Amanullah Transport and Logistics» halkara ulag-logistika kompaniýasy 20 ýyldan gowrak wagt bäri dünýä bazarynda üstünlikli iş alyp barmak bilen, ýükleri hat-da dünýäniň iň çetki ýerlerine hem ygtybarly eltip bermegi üpjün edýär.

1672d97616ad6e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Germaniýa ykdysady, şol sanda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki mejlisi geçirdiler

Türkmenistan bilen Germaniýa sişenbe güni Berlin şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisini geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

1672d969591719.jpeg
1 ýyl ozal
Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, maýa goýum, işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum başlandy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forum öz işine başlady. Ol döwlet we işewür düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

1672d98a99c39b.jpeg
1 ýyl ozal
Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Bişkekde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XI Sammitiniň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda belli boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.