Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Galkan töleg» goşundysy sürüjilere tölegleri etmäge ýardam eder
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi «Galkan töleg» ykjam goşundysyny işe girizdi, ol häzir Google Play, şeýle hem App Store goşundylarynda elýeterlidir. Goşundy ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin jerimeleri amatly onlaýn görnüşde tölemek maksady bilen işlenilip düzüldi. Ulanyjylar öz ykjam telefonlarynyň üsti bilen SMS-kody ýazyp, tassyklamak arkaly aňsatlyk bilen hasaba alnyp bilerler.
Russiýa Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasyndaky howa gatnawynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär
Russiýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen elektron söwda we ulag ugurlarynda geljekki taslamalary amala aşyrmaga, Astrahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda göni howa gatnawyny açmaga, şeýle hem Hazar deňzinde kruiz gämi gatnawyny guramaga gyzyklanma bildirýärler. Bu hakda TASS habarlar agentligi Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaçyň sözlerine salgylanmak bilen, habar berýär.
Arkadag şäherinde «4-lük» belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň has amatly şertlerde hereket etmekleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen «4» belgili täze ugur boýunça elektrobus gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Arkadag" gazetinde habar berilýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
Golaýda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ugurlary kesgitlenildi.
«Türkmentel – 2024» - innowasiýa we tehnologiki ösüşleriniň halkara forumy
«Türkmenragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy dünýäniň ylmy-tehniki ösüşi we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlaryň özboluşly işläp taýýarlamalary bilen gyzyklanýanlary «Türkmentel-2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.
Türkmenistan bilen Özbegistan üstaşyr ýük daşamalardaky salgytlara gaýtadan seredýär
29-njy oktýabrda Buhara şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag-logistika ulgamlarynyň wekililleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi.
“Demirýollary” AGPJ wagon abatlaýyş zawodyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda demir ýol wagonlaryny abatlaýyş zawodynyň taslamasyny düzmek, şol sanda daş töweregini abatlamak we ony dolulygyna gurmak boýunça №DÝ/AGPJ-045 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça geňeşmeler geçirildi.
Aşgabat halkara ulag geçelegeleri boýunça meseleleriň maslahatlaşylýan merkezi bolar
Aşgabat şäheri 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) binasynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly maslahatda we sergide halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri maslahatlaşylýan merkezi bolar.
PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOW OBA MILLI MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞI BILEN BAGLY MESELELERE SERETDI
28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.