Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!
Täze ýyl arçasyny bezäniňizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmeli! Olaryň golaýynda feýerwerkleri we bengal otlaryny ýakmagyň, şeýle hem kiçi ýaşly çagalary öyde ýeke galdyrmagyň howpludygyny ýatladýarys.
Ýanwar-noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $1,075 milliarddan geçdi
2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 1,075 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi.
Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Hytaý dünýäde emeli adadaky iň uly howa menzilini gurar. Taslamanyň bahasy 4,3 mlrd dollar diýip, «South China Morning Post» gazetine salgylanýan «Belta.by» portaly ýazýar.
«Turkish Airlines» uçuşlarynyň gerimi boýunça dünýä rekordyny goýdy
Türkiýäniň milli howa gatnadyjysy dünýäniň iň köp ýurtlaryna uçýan awiakompaniýa hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Degişli güwänamanyň gowşurylyş dabarasy awiakompaniýanyň Çilä amala aşyran ilkinji uçuşyndan soň, Santiago Arturo Merino Benites halkara howa menzilinde geçirildi.
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
«Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýylyň noýabr aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, forumlar hem munuň aýdyň güwäsidir.
“Demirýollary” AGPJ demirbeton şpallary we pürsleri öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda demir ýoluň geçirijileri üçin demirbeton demirýol şpallary we pürsleri öndürýän zawodynyň taslamasyny düzmek, şol sanda daş töweregini abatlamak we ony dolulygyna gurmak boýunça №DÝ/AGPJ-046 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Aşgabat şäheriniň “Altyn kölüniň” töwereginde ýerleşýän bag nahallara ideg etmek boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary dörederler
Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary döretmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýärler. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibragim iki günlük resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan metbugat-maslahatynda mälim etdi.
Türkmenistanyň we Rumyniýanyň tehnologiýa ugry boýunça ýokary okuw mekdepleri Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Buharestiň Milli politehniki ylymlar we tehnologiýalar uniwersiteti Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler.
Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär
2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Edaranyň başlygy M.Gurdow bilen Bilelikdäki Eyran-Türkmen Söwda-senagat edarasynyň başlygy Remezan Bahraminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.