Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi
12-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Awstriýa Respublikasynyň «M.&D. Gerther Ges.m.b.H» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda saparda boldular
Geçen hepde Awstriýa Respublikasynyň «M.&D. Gerther Ges.m.b.H» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda saparda boldular. Saparyň dowamynda wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasy, mümkinçileri, ornaşdyrylan enjamlary we hyzmatlary bilen ýerinde tanyş boldular.
Aşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
Aşgabatda “Mizan” işewürlik merkezinde birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Çära ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.
Demir ýolda hyzmatyň hili kämilleşýär
Ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze hyzmaty – ýagny «Bir gezeklik ýapynjalary» hödürleýär. Bu ädim, ýolagçylaryň has arassa we rahat syýahat ediş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmegine paýtagtymyz Aşgabatda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy geçirilýär. Bu halkara forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kaşaň binasynda geçirilýär.
Halkara foruma gatnaşyjylar Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar
Düýn paýtagtymyz Aşgabatda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirilýär.
"Türkmenhowaýollary” agentligi “Laçyn” myhmanhanasynyň otaglarynyň durkuny täzelemek boýunça tender yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki “Laçyn” myhmanhanasynyň myhman otaglarynyň durkuny täzelemek, ýüzleý abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň wekiliýetiniň düzümindäki ulag ministri Marat Karabaýew Türkmenistan bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdiklerini belledi. Bu barada Gazagystanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisindäki çykyşynda ähmiýetli teklipleri öňe sürdi.
Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobus sürüjilerini işe çagyrýar
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.