Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1664d797721ff9.jpeg
1 ýyl ozal
Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen, serhetýaka ýollaryny giňelder

Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin serhetýaka ýollaryny giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin gazagystanly kärdeşi Serik Žumangarin bilen Kazanda geçiren duşuşygyndan soňra aýtdy.

1664d83fbe8ab4.jpeg
1 ýyl ozal
Ýewraziýa yklymara söwdasynda ýük daşamak kuwwaty ýeterlik däl

«Alphaliner» tarapyndan hödürlenen hasabata salgylanýan «Loadstar»  soňky ýyllarda täze tonnažlaryň getirilmeginiň rekord görkezijisine garamazdan, Aziýa — Ýewropa söwdasynda ýük daşamak kuwwatynyň takmynan 10% ýetmezçilik edýändigini aýtdy.

1664d923f3067f.jpeg
1 ýyl ozal
AT&T we AST SpaceMobile adaty smartfonlary hemra aragatnaşygy bilen üpjün ederler

AT&T öýjükli aragatnaşyk operatory hem-de AST SpaceMobile hemra aragatnaşygy operatory adaty smartfonlary hemra aragatnaşygy bilen üpjün etmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler.

1664c4683cf4c2.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň hyzmatlarynyň üstüni «Kamaz 5490» we «Nefaz-93341» (tentli ýarym tirkeg) ulaglarynda ýük daşamak mümkinçilikleri hem ýetirýär.

1664c378370a70.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

1664c341344df6.jpeg
1 ýyl ozal
Dünýäde ilkinji 6G antenna döredildi

Alymlar dünýäde ilkinji 6G antennasyny döretdiler. Antennanyň özboluşly aýratynlygy maglumat geçiriş tizligini 5G-den birnäçe müň esse ýokary üpjün etmek ukybydyr.

1664c32f872466.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen işewürleri Dubaýda tebigy önümleriň halkara sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 18 – 20-nji noýabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek tebigy we organiki önümleriň «Organic EXPO Dubai 2024» atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

1664ae371a916b.jpeg
1 ýyl ozal
«eKassa» ykjam programmasy – AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) AGPJ-niň hyzmatlary üçin töleg geçirmek «eKassa» ykjam programmasy bilen has aňsat we amatly boldy. Indi AŞTU-nyň müşderileri telefon, internet we IPTV hyzmatlarynyň töleglerini artykmaç güýç sarp etmezden töläp bilerler.

1664add356f0b4.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

1664adf12252f3.jpeg
1 ýyl ozal
“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda anna güni Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.