Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işini dowam edýär
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyda çarşenbe güni Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergä gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergä gatnaşýar.
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan üstünlikleriň sergisine gatnaşýar
Şu günler Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan iri möçberli ykdysady üstünlikleriň sergisi geçirilýär. Gözden geçirilişe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna wekilçilik edýän köp sanly hususy we döwlet kärhanalary hem-de guramalar gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzümine girýän «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ hem bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory iş saparlaryny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Nýu-Ýorkda ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynyň barşynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi.
«Türkmenpoçta» ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär
Aşgabadyň demir ýol menzilinde ýerleşýän «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümi müşderilerine tutuş Türkmenistan boýunça dürli ululykdaky we agramly ýükleri ibermek hem-de kabul etmek hyzmatlaryny hödürleýär.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşyldy
Gazagystan bilen Eýranyň iki ýurduň arasyndaky ulag we üstaşyr aragatnaşygyny güýçlendirmekde uly mümkinçilikleri bar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen onuň eýranly kärdeşi Ebrahim Raisiniň arasynda Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşykda mälim edildi.
Türkmenistanda Ro-Pax awtoulag we ýolagçy gatnadýan paromlarda daşalan awtoulaglaryň sany 12 358 ýetdi
Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 128,6% ösüş gazanyldy we 1,509 million tonna ýetdi. Umuman aýdylanda 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 130,1% ýerine ýetirildi.
Türkmenistan ulag geçelgeleri arkaly sebitara gatnaşyklary berkitmäge gatnaşýar
Golaýda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow ýolbaşçylyk etdi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda aragatnaşyk pudagyny özgertmek babaynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň we degişli wekilleriniň hem-de «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň prezidenti Naoki Nakamuranyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýetiň gatnaşmagynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda duşuşyk geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.