Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Aziýa Ösüş banky Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw berýär
Aziýa Ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Türkmenabat, Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy arasynda 1147 km demir ýol liniýasyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada bankyň Türkmenistandaky wekili Аrtur Andrisiak “Trend” habarlar gullugyna habar berdi.
Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Çapar Pay goşundysynda USSD-haýyşlaryny we gysga “Altyn Asyr” belgilerini ugradyp bolýar
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly gollanmasynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar.
Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň biri boldy. Birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary wekilçilikli forum dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.
«Turkish Airlines» Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar
Türkiýäniň milli awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Amerika uçuş ugurlarynyň artdyryljakdygyny habar berdi. Awiakompaniýa 2024-nji ýylyň 18-nji dekabryndan Çiliniň paýtagty Santýago şäherine dowamly uçuşlary amala aşyryp başlar. Bu awiakompaniýanyň Amerika yklymyndaky 26-njy uçuş ugry we sebitde hyzmat edilýän 10-njy ýurt bolar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 14-16-njy noýabr aralynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel – 2024» atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.
Türkmenistan we Gazagystan deňiz pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ulag, energiýa, medeniýet we sport ýaly köp ugurlary öz içine alýan memorandumlara we şertnamalara gol çekildi.
Pariž awtoulag sergisi 90-njy gezek gapylaryny açdy
Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 90-njy gezek halkara awtoulag sergisi geçirilýär. Oňa ýerli we daşary ýurt awtomobil senagatynda öndürilen ulaglar görkezilýär. Bu halkara sergä Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşdy.
“Türkmenpoçta” «Ekspress ýollamalar» hyzmatyny işe girizdi
“Türkmenpoçta” döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine ýollamalary tiz eltip bermek maksady bilen, täze «Ekpress ýollamalar» hyzmatyny işe girizendigini yglan etdi. Bu hyzmat indi ýurduň ähli howa menzillerinde elýeterlidir.
TULM Dubaý - Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy
Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesindäki ornuny berkitmek bilen, «Türkmenistanyň Ulag we Logistika Merkezi» (TULM) açyk paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Dubaý-Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy we konteýnerleri üçünji ýurduň otlularyndan GDA-nyň otlularyna gaýtadan ýüklemek işi Etrek ýükleýiş we düşüriş stansiýasynda üstünlikli geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.