Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1668773d2bd079.jpeg
1 ýyl ozal
Gahryman Arkadagymyz: Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-nyň Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda geografik taýdan Türkmenistan ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda we düzümlerde işlemäge taýýardygyny aýtdy.

166862fb1d219f.jpeg
1 ýyl ozal
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlaryny yglan edýär

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar.

1668623c3d1301.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 8-12-nji iýulynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

16684d78f754e8.jpeg
1 ýyl ozal
Hindistan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine uly ähmiýet berýär

Russiýanyň kömür ýükli ilkinji iki otlusynyň «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça Merkezi Aziýanyň we Eýranyň çäginden Hindistana iberilmegi Günorta Aziýanyň Respublikasy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan bu ugurda täze tapgyryň başlangyjydyr.

16684dc77284bb.jpeg
1 ýyl ozal
BMG-niň Baş Assambleýasy emeli intellekt teklibi kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy, Hytaýyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Fu Kong tarapyndan teklip edilen taslamany kabul edip, emeli intellekt kuwwatyny ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek kararyna geldi.

16684d63d0aba2.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan täze «Reşt-Kaspian» demir ýoly boýunça ýükleri üstaşyr geçirip başlar

Türkmenistan täze «Reşt-Kaspian» demir ýoly arkaly ýükleri üstaşyr geçirip başlar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň baş direktory Milad Salehi aýtdy.

16684d3b36a844.jpeg
1 ýyl ozal
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilik ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalarynda Türkmenistany dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän strategiýasy öz mynasyp beýanyny tapdy.

1668392c33fd2c.jpeg
1 ýyl ozal
«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi yglan edildi.

16683839ec02ad.jpeg
1 ýyl ozal
Ulag we logistika kompaniýalarynyň eksport edijileriň işindäki orny

Ulag we logistika kompaniýalary halkara söwdasyny ýeňilleşdirmekde we harytlaryň serhetlerden aňsat geçmegini üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar. Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde kompaniýalar önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda müşderilere öz wagtynda we az çykdajyly iberilmegini üpjün etmek üçin netijeli transport we logistika hyzmatlaryna bil baglaýarlar.

1668394570c287.jpeg
1 ýyl ozal
Arkadag şäherinde demir ýol menzili we durmuş ugurly beýleki binalar gurlar

Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli edaralara we kärhanalara Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.