Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde öňdäki orunlarda barýar
Russiýa Federasiýasynyň çäginden Mongoliýa tarap uzaýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň bäşinji tapgyry hem türkmen ekipažlary üçin diýseň düşümli boldy.
Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty guraldy
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak boýunça utgaşykly görnüşde iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar
Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar. Ol sebitiň ýüklerini Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bazaryna getirer. Bu barada Ulýanowks sebitiniň gubernatory Alekseý Russkihiň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri ralli boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda üçünji orny eýelediler
Şu günler Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň çäginde awtosportuň şol görnüşi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionaty hem geçirildi. Çempionat 5 — 8-nji iýul aralygynda geçdi.
Aşgabatda Hytaýyň logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi
Aşgabatda «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun prowinsiýasynyň esasy logistika operatory bolan «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.
Gümrük edaralaryna harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi döredildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleridir harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Özbegistan hem-de Oman Aşgabat ylalaşygy boýunça ulag geçelgeleri işjeňleşdirmegiň tarapdary
Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Oman Soltanlygynyň ulag ministriniň birinji orunbasary Hamis bin Muhammad al-Şamahiý bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada «Uzdaily» habar berýär.
Türkiýäniň “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy uçuryldy
Türkiýe Respublikasynyň ýerli inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanan “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy ABŞ-nyň Florida şäherindäki Kanaweral kosmodromyndan kosmos giňişligine uçuryldy.
«Ýüpek ýoly ― 2024» rallisi: türkmen sürüjileri öňdebaryjylaryň hatarynda
5-nji iýulda «Ýüpek ýoly» halkara rallisine badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, oňa türkmenistanly sürüjiler hem gatnaşýar. 11 günläp dowam etjek ýaryş 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanar.
Serhetsiz logistika: Aşgabatda Hytaý bilen ýük daşamak pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun prowinsiýasynyň esasy logistika operatory bolan «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.