Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistanda halkara derejeli sürüjileri taýýarlamak boýunça okuw merkezi açylar
Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Türkmenistandaky gämi abatlaýyş zawody deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ýygnap başlar
Türkmenistandaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda «Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnap başlar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar
Türkmenistanyň milli howa gatnawçysy 2024-nji ýylyň täze tomus meýilnamasynda Aşgabat — Deli ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndaky maglumatlara görä, Hindistanyň paýtagtyna hepdelik uçuşlaryň sany ikiden üçe çenli artar.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody halkara derejede ykrar edilmegiň ýolunda
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ISO şahadatnamasyny almaga taýýynlanmagy, bu diňe bir kärhana üçin däl, eýsem ýurdumyz üçin möhüm waka öwrüler. Bu bolsa öz gezeginde, zawodyň halkara gämi gurluşyk jemgyýetine ornaşmagyna uly ädim bolup, hödürlenýän hyzmatlaryň iň ýokary hilini tassyklar.

Paýtagtymyzda syýahatçylyk hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyklar geçirildi
Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Bu foruma halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
«Türkmenistan» milli howa gatnawçysy resmi web sahypasynda şu ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli dowam etjek halkara we içerki ýolagçy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi.

Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.

Pakistan Türkmenistan bilen üstaşyr söwda şertnamasyny baglaşmaga taýýarlanýar
«Business Recorder» (Pakistan) tarapyndan berlen habarda Pakistanyň Söwda ministrligine Türkmenistan bilen üstaşyr söwda şertnamasyna gol çekişmegi çaltlandyrmak boýunça maslahatyň berlendigi aýdylýar.

Geçen ýyl Italiýa Türkmenistandan 80,17 million ýewrolyk harydy import etdi
«Trend» tarapyndan berlen habarda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Italiýa bilen umumy söwda dolanyşygynyň 229 million ýewrodan gowrak bolandygy tassyklanylýar.

Hytaýyň awtoulag senagaty ýük ulaglarynyň bazarynda öňdebaryjylygyny elden bermeýär
Şu ýylyň fewralynda Russiýada Hytaýyň awtoulag markalarynyň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 37% artyp, 6 457 birlige ýetdi. Munuň özi hasabat döwründe bellige alnan ähli awtoulaglaryň 62 %-ini emele getirdi. Şol döwürde Russiýada öndürilen ýük awtoulaglarynyň satuwynyň 9% azalandygyny we 2630 birlige ýetendigini bolsa «Autostat Info» habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.